Talyplaryň önümçilik tejribelikleri ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynda geçýär

09:54 26.08.2020 10347

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/327/original-15f19575edc725.jpeg

«Türkmengaz» DK-nyň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumy we halk hojalygynyň beýleki pudaklary üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça wezipesiniň gerimini barha giňeldýär. Hereket edip gelýän döwründen bäri, bu edara dürli hünär ugurly hünärmenleriň köpsanlysyny taýýarlady we häzirki wagtda hünärmenleri taýýarlamakda hil taýdan täze derejä çykýar.

2019-2020-nji okuw ýylynda mekdebiň täze binasy ulanyşa girizildi. Bu ýerde amaly okuwlar üçin 16 sany okuw otagy bolup, olar ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak üçin zerur bolan enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr.

Bu ýerde netijeli sapak geçmek we talyplaryň özbaşdak işlemekleri üçin ähli şertler döredilendir. Multimediýa okuw otaglary okuw işinde kompýuter tehnologiýalaryna geçmekligi has hem işjeňleşdirmäge ýardam edýär. Okuw dersleriniň ählisinde hem amaly taraplar göz öňünde tutulandyr.

Nebit we gaz promysellerine tehniki hyzmat we enjamlary abatlamak, nebit we gaz guýularyny ulanmak, gaz we nebit känlerini işläp taýýarlamak, himiýa, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagatyň kärhanalarynyň enjamlaryna tehniki hyzmat we abatlamak we ş.m. ugurlar has uly islegden peýdalanýar. amaly sapaklar ýörite enjamlaşdyrylan okuw otaglarynda geçirilýär. Bu bolsa okuwy has hem gyzykly geçirmäge mümkinçilik berýär.

Okuw ýyly tamamlanandan soň, talyplar «Türkmengaz» DK-nyň edara-kärhanalarynda önümçilik tejribeliklerini geçýärler. Önümçilik tejribeliklerine tejribeli mugallymlar ýolbaşçylyk edýär.

Häzirki wagtda gaznebit geçirijileriniň we gaznebit ammarlarynyň ulanylyşy fakultetiniň birinji ýyl talyplary Serwis hyzmatyň merkezi müdirliginde amaly sapaklary geçýärler. Tejribeligiň dowamynda geljekki hünärmenler tokar enjamlarynyň işi, turbalar üçin dürli detallaryň taýýarlanylyşy, gaz guýulary üçin turbalaryň taýýarlanylyşy we beýleki işler bilen tanyşýarlar. Amaly sapaklaryň çäginde talyplar şeýle hem tehniki howpsuzlyk düzgünlerini hem öwrenýärler.

Nebit we gaz promyselleriniň enjamlarynyň tehniki idegi we abatlanylyşy fakultetiniň ikinji ýyl talyplary «Marygazçykaryş» müdirliginiň kärhanalarynda önümçilik tejribeliklerini geçýärler. Ýakynda olar «Galkynyş» gaz käninde bolup gördüler. Bu ýerde geljekki hünärmenler iň täze tehnologiýalar we desgalar, şeýle hem gaz arassalaýjy desgalaryň işiniň ýörelgeleri bilen tanyş bolýarlar.

Häzirki wagtda talyplaryň okuw tejribeligi üstünlikli dowam edýär.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň innowasion maksatnamalaryny ösdürmegiň çäklerinde tehniki taýdan sowatly hünärmenlere zerurlyk artýar. Netijeli amaly sapaklar türkmen hünärmenleriniň hünär taýýarlygynyň artmagyna ýardam eder.

Başga makalalar
162205fcc7ddc3.jpeg
Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki mümkinçilikleri has giň gerimde ulanylyp bilner — Türkmenistanyň DIM-i

Çarşenbe güni Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän syýasy geňeşmeler iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly öz işini dowam etdi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


16221b61c4e760.jpeg
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary ýurduň Prezident saýlawlary üçin 2726 milli synçylary bellige aldy

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar ýurdumyzda 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlary boýunça milli synçylaryň jemi 2726-syny bellige aldy. BU barada MST-niň saýtynda habar berilýär.


16220630a6bcda.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy.


164ccb95c69b3f.jpg
Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Aşgabatda sammitde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşar

Şu gün, 4-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirilýär diýip, TDH habar berýär.