Türkmenistanda nebitgaz ulgamynda ägirt uly önümçilik mümkinçilikleri bar

16:58 16.01.2022 8777

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/3747/original-161dfd0a578db8.jpeg

Türkmenistanda ägirt uly çig mal we senagat mümkinçilikleri, şeýle hem ýurdy strategiki taýdan möhüm bolan nebit we gaz önümlerini öndüriji we eksport ediji ýurda öwürmek üçin tebigy we tehnologiki mümkinçilikleri bar. Bu barada ylmy makalasynda CentralAsia.news elektron neşiriniň ylmy synçysy, belli türkmen alymy, tehniki ylymlarynyň doktory we bilermen Allaberdi Ylýasow belledi.

Onuň bellemegine görä, «2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasynda» türkmen nebitgaz pudagyny giň möçberde senagatlaşdyrmak kesgitlenendir. Onda üç esasy wezipe bellenendir — nebitgaz ulgamyny senagatlaşdyrmak, içerki sarp edijileri degişli önümler bilen üpjün etmek we pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak.

Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistan çig mal eksporty bilen bagly howplary peseltmek üçin içerki gaýtadan işleýşi ösdürmeklige tarap ugur aldy. Nebitgaz känlerini senagat taýdan ulanyşa girizmeklik türkmen ýangyjynyň eksport möçberleriniň artmagyna, şeýle hem ýurtda soňky ýyllarda gurlan nebit we gazy gaýtadan işleýän kuwwatlyklary bökdençsiz çig mal serişdeleri bilen üpjün etmeklige barabardyr diýip, bilermen ýazýar.

Onuň bellemegine görä, häzirki wagtda Balkan welaýatynda tebigy gazdan polietileniň we polipropileniň dürli görnüşlerini öndürmek boýunça Gyýanly polimer zawody we Ahal welaýatyndaky Owadandepe şäherçesinde şol çig maldan benzin öndürmek boýunça zawod üstünlikli hereket edýär.

Analitik Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda hem döwrebaplaşdyrmak işleriniň dowam edýändigini belleýär. Daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda bu ýerde nebitgazhimiýanyň önümleriniň önümçilik möçberlerini artdyrmak üçin birnäçe desgalary, öňdebaryjy serişde tygşytlaýjy ekologiýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Daşary ýurtly hünärmenler TNGIZT-de haýalladylan kokslandyrma we gudronyň deasfaltizasiýasy desgasynyň gurluşygyny dowam edýärler. Bu taslamada şu görnüşdäki desgalar üçin elýeterli bolan iň gowy tehnologiýalar peýdalanylýar. Geljekki sehde işlemek üçin işgärler düzümi bu desgada iş orunlarynyň «wirtual» gurnalan trenažýorynda ýörite taýýarlyk geçerler.

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň düzümine girýän Seýdiniň NGIZ-de 2016-njy ýylda AI-95 benzini üçin düzüm bölekleriniň önümçiligine başlandy.

Şol ýylda ýol bitumyny öndürmek boýunça häzirki zaman tehnologik desga ulanyşa girizildi. Özboluşly tehnologiýa türkmen nebitinden dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýol bitumyny almaga mümkinçilik berýär.

Alymyň pikirine görä, energetika ulgamynda täze tehnologiýalaryň peýdalanylmagy nebitgazhimiýa önümleriniň önümçilik möçberleriniň artmagyna ýardam edýär. Gürrüň guýularyň içinde iş alnyp barlanda, däp bolan toplama burawyň ornuny tutýan maýyşgak üznüksiz  turbalary ulanmaklyga esaslanýan koltýubing tehnologiýalary hakynda barýar.

Ýurtda ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryna hem aýratyn üns berilýär. Şu maksat bilen ýokary netijeli tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu konsepsiýa döwletiň durmuş we ykdysady taýdan ösüşine gönükdirilendir.

Başga makalalar
161c4209637482.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Pakistana we Hindistana iş saparlarynyň jemleri jemlenildi

22-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan iş duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow hökümet wekiliýetiniň şu ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Pakistan Yslam Respublikasyna we Hindistan Respublikasyna guralan saparlarynyň jemleri boýunça hasabat berdi.


16375d7ea1a876.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň nebit ministri bilen nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owji bilen geçiren duşuşygynda nebitgaz ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy Bu barada TDH agentligi habar berýär.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.


1688883d0eb25c.jpg
Guýularyň gaýtadan dikeldilmegi meýilnamadan 81 müň tonna artyk nebit almaga mümkinçilik berdi

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň bölümleri 2025-nji ýylyň başyndan bäri Goturdepe, Barsagelmez we Gamyşlyja ýataklarynda guýularyň düýpli bejergisi arkaly goşmaça 81 müň 830 tonna nebit öndürmegi üpjün etdiler diýip, Orient agentligi habar berýär.


16888844133c4a.jpg
Seýdiniň NGIZ ýylyň birinji ýarymynda nebitiň gaýtadan işlenilmegini 22% artdyrdy

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işgärleri 2025-nji ýylyň ilkinji alty aýynyň netijeleri boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende uly önümçilik üstünliklerine ýetdiler. Hususan-da, kärhanada 270 müň tonna nebit gaýtadan işlenip, bu görkeziji geçen ýylyň ýanwar-iýun aýlaryna garanyňda, 22% ýokary boldy diýip, ussatnews.com saýty habar berýär.