Türkmenistanyň we Özbegistanyň DIM-leriniň syýasy geňeşmelerinde energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy
15:43 18.01.2022 10458
Duşenbe güni Daşkent şäherinde geçirilen Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmelerde ulag-logistika, energetika we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Duşuşykda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, özbek tarapyna Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Norow ýolbaşçylyk etdiler.
Geňeşmeleriň dowamynda taraplar türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösüşiniň depgini barada nygtamak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň öňe gitmeginde ýokary derejedäki gatnaşyklaryň möhüm ähmiýetini bellediler.
Bilelikdäki hereketler üçin giň mümkinçilikleri bolan söwda we ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy güýçlendirmeklige aýratyn üns berildi.
Şunuň bilen baglylykda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň ähmiýeti bellenildi. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny ösdürmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ulag-logistika, energetika, himiýa we senagat ulgamlaryndaky hem-de maglumat howpsuzlygy ugrundaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň meselelerine seredilip geçildi. Mundan başga-da taraplar medeni-ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna hem jikme-jik seredip geçdiler.
Taraplar sebitdäki özara gatnaşyklar barada durup geçip, doganlyk Owganystanda parahatçylygyň, ylalaşygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi ugrunda kömek etmek islegindäki birligini nygtadylar.
Türkmenistan we Özbegistan Owganystana hemmetaraplaýyn ykdysady we ynsanperwerlik goldawy bermegi dowam etdirýärler.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi
13-nji sentýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-ermeni toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Mejlis Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary — Toparyň türkmen böleginiň başlygy Şahym Abdrahmanowyň hem-de Ermenistan Respublikasynyň Çäk müdirligi we infrastrukturalar ministri Gnel Sanosýanyň — Toparyň ermeni böleginiň başlygynyň ýolbaşçylygynda geçirildi.
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň hünärmenleri Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmegiň meseleleri boýunça taslamany maslahatlaşdylar
12-13-nji sentýabrda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmegiň meseleleri boýunça bilelikdäki Iş toparynyň nobatdaky duşuşygynda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda Hazar deňziniň düýbüni çäklendirmek baradaky Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasynyň düzgünleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Eni 2022-nji ýylda nebitiň barreliniň bahasy boýunça çaklamasyny 105 dollara çenli ýokarlandyrdy
Eni kompaniýasynyň ýolbaşçylary Brent nebitiniň 2022-nji ýylda binýatlyk bahasynyň çaklamasyny 80 dollardan 105 dollara çenli ýokarlandyrdy we ýylyň jemleri boýunça öz nebit we gaz önümçiliginiň çaklamasyny ýaramazlaşdyrdy diýip, Interfaks habar berýär.
Öňdebaryjy halkara energetika guramalarynyň ýolbaşçylary Kuala-Lumpurda TEIF 2025 forumynda çykyş eder
Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy bolan TEIF 2025-iň energetika we durnukly ösüş ugurlarynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde geçiriljek iň möhüm halkara çäreleriň biri bolmagyna garaşylýar. Bu forumy özboluşly edýän esasy aýratynlyk – dünýäniň iň iri we abraýly energetika guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagydyr.
Türkmenistanyň Prezidenti we Ýaponiýanyň Imperatory söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri bellediler
15-nji aprelde Ýaponiýada saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.