Türkmenistanyň we HHR-niň DIM-niň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

09:48 09.06.2022 4740

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/4758/original-162a0425c21a3b.jpeg

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen sişenbe güni geçiren gepleşikleriniň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meseleler toplumyny ara alnyp maslahatlaşdy. Hususan-da ýokary döwlet derejesinde öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Bellenilişi ýaly, bu duşuşyk Türkmenistanyň wekiliýetiniň Merkezi Aziýanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygyna gatnaşmagynyň çäklerinde geçirildi.

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meselelerine seredip geçdiler. Söhbetdeşler iri halkara guramalaryň çäklerinde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklarynyň dowam etdirilmegine ymtylýandyklaryny nygtadylar.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gün tertibini ara alyp maslahatlaşmak bilen, gaz, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda özarabähbitli hyzmatdaşlyga esasy üns berildi.

Türkmen we hytaý diplomatiýasynyň ýolbaşçylary sebitleýin we yklymlaýyn möçberde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek meseleleriniň üstünde aýratyn durup geçdiler.

Şeýle hem saglygy goraýyş, bilim we medeniýet ulgamlarynda geljekki hyzmatdaşlyk bu gepleşikleriň möhüm temasy boldy.

Başga makalalar
162fc9092bf5cc.jpeg
Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar

Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar. Bu barada 15-16-njy awgustda Awazada geçirilen ulag forumynyň çäginde Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministri Suheil Al-Mazruiniň arasynda geçirilen duşuşykda bellenildi.


167c55bf58468f.jpg
Gazagystanyň Prezidenti Aşgabatda halkara forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnşajakdygyny tassyklady. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda bellenilýär.


162fc8af2dec34.jpeg
Türkmenistan birinji ýarym ýyllykda Azerbaýjana benzin ibermekde ikinji orny eýeledi

Azerbaýjan 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistandan 36 müň 571 tonna AI-92 belgili awtomobil benzinini import etdi diýip, angy.ru nebitgaz habarlar agentligi habar berýär.


162fddc19b1166.jpeg
«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň gazçylary zähmet borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýärler

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň gazçylary şu ýylyň ýedi aýy boýunça ýokary zähmet üstünliklerini gazandylar. Hasabat döwründe müdirlik boýunça tebigy gazyň önümçiligi 7 mlrd 214,6 mln kub metre barabar boldy, meýilnama 127% ýerine ýetirildi.


167c55c4033a7e.png
Birža söwdalarynda Türkiýeden we Owganystandan gelen işewürler suwuklandyrylan gaz, awiakerosin satyn aldylar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.