Nebitgazçylaryň baýramy ýokary guramçylykly geçirildi
20:04 15.12.2022 3025
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ösüşiniň täze belentlikleri» atly dabaraly baýramçylyk maslahaty geçirildi.
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Merdan Rozyýewiň ýolbaşçylygynda geçirilen maslahata degişli toplumyň ýolbaşçylary, edara-kärhanalarynyň işgärleri we hünärmenleri gatnaşdy. Ilki bilen M.Rozyýew Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagyny okady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyndaky: «Nebitgaz pudagy milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagydyr. Ýurdumyzyň mineral-çig mal serişdeler binýady, kuwwatly ýangyç-energetika senagaty we energiýa-ulag üpjünçilik ulgamlary Türkmenistany kuwwatly döwlet hökmünde dünýä tanadýar « diýen sözleri çärä gatnaşyjylarda ýokary ruhubelentlik duýgusyny oýardy.
Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy Guwançmyrat Agaýew, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor Nurýagdy Suwhanow, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Sapar Ataberdiýew, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň direktory Baýrammyrat Pirnyýazow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Nebiti gaýtadan işlemek müdirliginiň baş hünärmeni Sona Kerimowa, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Merkezi önümçilik barlaghanasynyň himik-laboranty Aýgül Durdyýewa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň okuw bölüminiň hünärmeni Baýrammuhammet Nuraýew we beýlekiler çykyş etdi.
Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň çig mal binýadyny pugtalandyrmakda, nebiti we gazy çuň gaýtadan işlemek arkaly täze önümçilikleri gurmakda, öň bar bolan desgalary döwrebaplaşdyrmakda, täze ýataklary agtarmakda, özleşdirmekde, guýularyň önümçilik kuwwatyny artdyrmakda, zawodlara ylmyň soňky gazanan tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda, daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, toplumyň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllygynyň bellenilen ýylynda hem nebitgaz toplumynda netijeli işler alnyp baryldy. Çärede çykyş eden işgärler nebitgaz senagatynyň şu we beýleki üstünlikleri barada durup geçdiler.
Dabaraly pursatlarda önümçilikde ýokary netijeleri gazanan, hünär ussatlygy bilen tapawutlanan, ukyp-başarnygy boýunça kärdeşlerine görelde bolan nebitçiler, gazçylar, geologlar hormatly Prezidentimiziň Permanynyň esasynda döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy, şeýle-de degişli toplumyň işgärleriniň onlarçasyna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Mälim bolşy ýaly, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başynda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, «Türkmengaz» döwlet konserni, «Türkmennebit» döwlet konserni, «Nebit-gaz» gazeti bilen bilelikde bäsleşikleri yglan edipdi.
Dabaraly pursatlarda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli yglan edilen «Nebitgaz – baýlygym, hazyna-genjim, waspyň etsin diller, saňa buýsanjym!» we üstümizdäki şanly ýylyň ady bilen bagly «Arkadagly ýetdik täze zamana, Şan-şöhratyň dolup älem-jahana» döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlenildi.
«Nebitgaz – baýlygym, hazyna-genjim, waspyň etsin diller, saňa buýsanjym!» bäsleşiginiň jemi boýunça «Türkmengeologiýa» DK-nyň nebit we gaz bölüminiň başlygy, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty Baýramgeldi Nedirow, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Durmuş taýdan ösüş we edara ediş hojalyk işleri müdirliginiň baş hünärmeni Bahar Çaryýewa, «Nebit-gaz» gazetiniň öz habarçysy Sapardurdy Ýaýlyýew 1-nji orna, «Türkmengaz» döwlet konserniniň zähmeti goramak we tehniki howpsyzlyk bölüminiň başlygy Ylham Jumageldiýew, «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri Weýis Annataganow, «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň laboratoriýa müdiri Serdarmuhammet Izimow 2-nji orna, «Ganatly asyr» HK-nyň direktory, Raymond (beijing) valve manufacturing co.ltd» kompaniýasynyň maslahatçysy Ylham Ikramow, «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji gurmasynyň başlygy Serdar Kurbankulyýew, «Nebit-gaz» gazetiniň korrektory Döwletgeldi Akmämmedow 3-nji orna mynasyp boldy.
«Arkadagly ýetdik täze zamana, Şan-şöhratyň dolup älem-jahana» bäsleşiginde «Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň uly ylmy işgäri Jennet Çopanowa, «Nebit-gaz» gazetiniň Balkan welaýaty boýunça habarçysy Hojaberdi Baýramow, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň geologiýa, nebiti we gazy çykarmak bölüminiň başlygy Begli Annamyradow 1-nji ýeri, «Türkmengaz» DK-nyň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Ulaglar kärhanasynyň Kärdeşler arkalaşygyny komitetiniň başlygy Gurbangeldi Bekiýew, «Türkmengaz» DK-nyň «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirliginiň esasy hünärmeni Jepbar Annaşow, «Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň laboratoriýa müdiri Ejeş Jumaniýazowa 2-nji orny, «Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň uly ylmy işgäri Batyr Saparlyýew, «Türkmengaz» DK-nyň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň ýörite işler boýunça esasy hünärmeni Geldidurdy Garaýew, «Nebit-gaz» gazetiniň Mary welaýaty boýunça suratçysy Azym Şekerow 3-nji ýeri eýeledi. Ýeňijileriň ählisine guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we gymmat baha sowgatlar gowşuryldy. Maslahatyň ahyrynda nebitgaz toplumynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi.
Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasy «Türkmengaz» DK-nyň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň taýýarlan konserti bilen jemlenildi.
Ýewropada gazyň kub metriniň bahasy taryhda ilkinji gezek 1000 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň kub metriniň bahasy taryhda ilkinji gezek 1000 dollardan geçsi. Bu barada çarşenbe güni RIA Nowosti agentligi ICE Futures-iň söwdalaryna salgylanyp habar berdi.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2023» 28-nji halkara maslahatyna taýýarlyk dowam edýär
OPEK (Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy) 25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2023» 28-nji halkara maslahatyna gatnaşjakdygyny tassyklady diýip, forumyň guramaçylary habar berýär.
Energiýany tygşytlamak we netijeli peýdalanmak hakynda Kanun kabul edildi
Türkmenistanda “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda” Kanun güýje girdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen resminama ýurdumyzyň merkezi neşirlerinden çap edildi.
Türkmen telekeçileri TEIF 2024-e gatnaşmaga taýýarlyk görýärler
2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Parižde geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma taýýarlyk işleri tamamlanyp barýar.
Türkmenistanyň Prezidenti «Yug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasynyň direktory bilen duşuşdy
Sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Yug-Neftegaz Private Limited» (Singapur) kompaniýasynyň direktory Igor Burkinskiýni kabul etdi.