Ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek meseleleri Hökümet mejlisinde maslahatlaşyldy
16:57 26.12.2022 9478
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçen anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde nebit önümlerini öndürmek we paýlamak, şeýle hem ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak meseleleri maslahatlaşyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow döwlet dolandyryş edaralaryny, kärhanalary, guramalary nebit önümleri bilen üpjün etmek we olary rejeli peýdalanmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, kärhanalar, guramalar bilen bilelikde 2023-nji ýylda Türkmenistanyň içerki sarp edijilerine nebit önümlerini paýlamagyň möçberi seljerildi.
Döwlet Baştutany wise-premýere gözegçilik edýän toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, onuň serişdeler binýadyny pugtalandyrmak, pudaklaýyn kärhanalar we edaralar tarapyndan önümçilik meýilnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Şeýle hem “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik desgalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.
Iş meýilnamasyna laýyklykda, zawodlar toplumynda tehnologik desgalaryň abat ýagdaýda saklanylmagyny hem-de toplumyň desgalarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň we innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekip, wise-premýere bu ugurda toplumlaýyn işi dowam etdirmegi tabşyrdy.
Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
27-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Balkan welaýatynda gaty magdanlary gözlemek boýunça işer geçirilýär
Geçen şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan gaty magdanlary gözlemek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky we içerki bazara ýangyç-energetika toplumynyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi ýurt Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanýar
Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady.
Ýaş himikleriň bäsleşigi jemlenildi
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti tarapyndan guralan «Zehinli ýaş himikler» atly bäsleşik jemlenildi.