Birža söwdalarynda daşary ýurtly alyjylara dizel ýangyjy we awiakerosin ýerlenildi

19:05 28.12.2022 4158

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/6412/original-163abe062874fb.jpeg

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna  Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri  “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen dizel ýangyjyny we uçar kerosinini satyn aldylar. Şeýle hem  owganystanly işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. “Türkmenhimiýa”  döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz hem-de ECO-93 awtoulag benzini Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.   

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň hem-de Owganystanyň işewürlerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler hem-de portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 43 million dollaryna golaý boldy.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri  35 million 560 müň manatlykdan  gowrak nah ýüplügini satyn aldylar.

Başga makalalar
167ef788e52432.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy “Merkezi Aziýa-ÝB” sammitiniň üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirdiler

3-nji aprelde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy hanym Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


167ef73cc8e564.jpg
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini nygtadylar

3-nji aprelde “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.


167ef7d8e98a24.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygynda sebit hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy

3-nji aprelde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.


1631823da01e93.jpeg
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy

Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.


16316ee907f1fc.jpeg
Baku Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldar, emma onuň öňe sürüjisi bolmaz

Azerbaýjan eger-de Türkmenistanyň Hökümeti Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda karar kabul etse, ony goldar, emma Baku taslamanyň öňe sürüjisi bolmaz diýip Prezident Ilham Aliýew belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.