Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana döwlet sapary başlandy
11:57 10.05.2023 6995
Çarşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna iki günlük döwlet sapary başlandy. Türkmen-täjik gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär diýip, TDH agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Republikasyna döwlet sapary hoşniýetli dostluk, doganlyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan köpasyrlyk türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açar.
Saparyň çäklerinde dostlukly döwletleriň Baştutanlaryň gatmaşmagynda ikiçäk we iki ýurduň giňeldilen düzümdäki ýokary derejeli gepleşikleri geçiriler.
Aşgabatda Kigali üýtgetmeleriniň ýerine ýetirilmegi boýunça meýilnamalar maslahatlaşyldy
Aşgabatda 2016-njy ýylda BMG-niň ozon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasynyň Monreal protokolyna girizilen we 2020-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan tassyklanan Kigali üýtgetmesi boýunça kabul edilen düzgünleriň ýerine ýetirilmeginiň çäklerinde milli meýilnamalar we ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy.
“Goturdepe” käninde gazly galdyryş usulynyň üsti bilen nebitiň çykarylyşy artdyryldy
Türkmenistanyň nebitçileriniň öňünde täze sepgitlere ýetmäge gönükdirilen möhüm wezipeler durýar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Goturdepe» müdirliginiň işgärleri netijeli zähmet çekýärler we ýokary netijelere ýetýärler.
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň täze ilçisi bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
25-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin bilen geçiren duşuşygynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.