Özbegistan Türkmenistandan 5,6 mln tonna benzin, şol sanda ECO-93 benzinini satyn aldy
20:42 03.10.2020 9689
1-nji sentýabrda çenli ýagdaýa görä, Özbegistan Türkmenistandan 5,6 mln litr benzin import etdi, diýip Sputnik Özbegistan neşiri döwletiň statistika baradaky komitetine salgylanyp habar berýär. Özbegistana iberilýän benzin möçberleri boýunça Türkmenistan Gazagystandan we Russiýadan soň üçünji orny eýeleýär.
Neşiriň şeýle hem belleýşi ýaly, şu ýyl Türkmenistandan ECO-93 belgili benzin ilkinji gezek Özbek respublikan haryt-çig mal biržasynda satylyp başlandy. Ony satýan kompaniýa — «ООО Nara-Komfort Servis».
Tebigy gazdan öndürilýän ECO-93 sintetik benzinine bolan isleg dünýäniň beýleki döwletlerinde hem ýokarlanýar. Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň berýän maglumatlaryna görä, şu ýylyň sekiz aýynda daşary ýurtlara ýangyjyň bu görnüşiniň 143 müň tonnadan gowragy eksport edildi. Häzirki wagtda ECO-93 benzini Owganystan, Bolgariýa, Beýik Britaniýa, Gruziýa, Daniýa we Russiýa iberilýär.
Bu önüme islegiň şu derejede ýokary bolmagy onuň ýokary hil görkezijileri bilen düşündirilýär. Şeýlelikde, ECO-93 benzininden yzygiderli peýdalanylan ýagdaýynda hereketlendirijide z garym emele gelýär, onuň ulanyş möhleti bolsa iki esse artýar. EURO-5 ülňülerine laýyk gelýän ECO-93 benzini ulanylanda awtomobiliň tüsse çykarlarynda uglerod oksidiniň derejesi 0,03%-e deň bolýar. Häzirki bellenilen kada bolsa, 0,5%-dan geçmeli däl.
Tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benziniň önümçiligi Ahal welaýatynda 2019-njy ýylda ulanyşa girizilen täze zawodda amala aşyrylýar. Onuň ýyllyk kuwwaty 600 müň tonna ECO-93 benzinine barabardyr. Geljekde bu gazhimiýa toplumynyň ikinji nobatdakysyny gurmak meýilleşdirilýär, bu hem onuň önümçilik kuwwatlyklaryny düýpli artdyrar. Netijede ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň eksport mümkinçilikleri hem artar.
Abu-Dabide ADIPEC-2022 nebitgaz forumy geçiriler
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy türkmen tarapynyň wekillerini Halkara nebitgaz sergisine we forumyna gatnaşmaga çagyrýar (ADIPEC-2022). Forum BAE-de Abu-Dabide 2022-nji ýylyň 31-nji oktýabryndan 3-nji noýabry aralygynda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň saýtynda habar berilýär.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Baku Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldar, emma onuň öňe sürüjisi bolmaz
Azerbaýjan eger-de Türkmenistanyň Hökümeti Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda karar kabul etse, ony goldar, emma Baku taslamanyň öňe sürüjisi bolmaz diýip Prezident Ilham Aliýew belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
Gahryman Arkadagymyz Saud Arabystanynyň döwlet ministri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
2-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saud bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.