Nebitgaz toplumynyň kärhanalary nebiti we gazy çykarmak hem-de gaýtadan işlemek boýunça on bir aýyň meýilnamasyny ýerine ýetirdiler
09.12.20 - 10:21Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hakynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredow hasabat berdi.
TOPH-nyň owgan bölegindäki gurluşyk işleri 2021-nji ýylda Hyratda başlanar
09.12.20 - 10:22Geljek ýylda Hyratda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginde gurluşyk işleri başlanar. Bu barada Owganystanyň şahtalar we nebit senagaty ministri Garun Çahansuri metbugat maslahatynda aýtdy, diýip owgan habar beriş serişdeleri belleýär.
Türkmenistanda ýanwar-noýabr aýlarynda jemi içerki önümiň ösüşi 5,8% deň boldy
09.12.20 - 10:232020-nji ýylyň geçen on bir aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 5,8%-e deň boldy, diýip Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde aýtdy.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
09.12.20 - 10:19Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 262-si hasaba alyndy.
OPEC+ ýurtlary ýanwardan nebitiň çykarylyşyny günde 0,5 mln barrel artdyrmagy ylalaşdylar
05.12.20 - 12:53OPEC+ ministrleri penşenbe güni 2021-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, nebitiň çykarylyşyny günde 0,5 mln barrel möçberde artdyrmak çözgüdini makulladylar. Duşuşyklar her aýda geçiriler, diýip OPEC-däki çeşmeler habar berdi. Muny TASS ýetirýär.
Lebap welaýatynyň gaz geçirijileriniň düýpli abatlaýyş işleri alnyp barylýar
05.12.20 - 12:51«Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestiniň hünärmenleri Lebap welaýatynyň gaz geçirijilerini düýpli abatlamak boýunça düýpli işleri geçirdiler.
Türkmenistan ÝHHG-ni Merkezi Aziýada hem-de Hazarda energetikany we ulagy ösdürmäge çagyrýar
05.12.20 - 12:50Türkmenistan ÝHHG-ni Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitleriniň energo mümkinçiliklerini hem-de ulag-kommunikasiýa geçelgelerini ösdürmäge çagyrdy. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynň habar bermegine görä, bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow 3-nji dekabrynda Albaniýa Respublikasynyň paýtagty Tiranada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Ministrler geňeşiniň 27-nji mejlisinde belledi.
Türkmen geologlary täze agyz suw ýataklaryny ýüze çykardylar
04.12.20 - 13:01«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň gidrogeologiki ekspedisiýasynyň geologlary Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda agyz suw ýataklaryny tapdylar. Hünärmenleriň pikiriçe, “Çopanýap” we “Çagatýap” täze ýataklary Şarlawuk, Dostluk, Ak altyn, Bäşdaş, Agzybirlik we Gumly ilat nokatlarynyň ýaşaýjylaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek meselesini çözmäge kömek eder.
Halkara serginiň üçünji güni Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň gazananlaryna bagyşlandy
04.12.20 - 13:00Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli guralan Halkara serginiň üçünji güni ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda gazanylan üstünliklere bagyşlandy. Mowzuklaýyn çäreleriň guramaçylary hökmünde «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy hem-de Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy çykyş edýär.
Halkara energetika forumy: Türkmenistan — ygtybarly hem geljegi uly hyzmatdaş
04.12.20 - 12:571-nji dekabrda Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk senesine gabatlanylyp geçirilen “Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir” atly halkara onlaýn maslahaty dünýä jemgyýetçiliginiň dünýäniň energetika bazarynyň möhüm agzalarynyň biri hökmünde Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini subut etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
04.12.20 - 12:56Sişenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek baradaky meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Ählumumy gaz merkezi türkmen gazynyň Merkezi Aziýada we Ýewropada ilerledilmegine ýardam etmäge taýýar
05.12.20 - 12:55Türkmenistan tebigy gory hem-de halkynyň bähbidine bolşy ýaly, Ýer ýüzüniň halklarynyň bähbidine durmuşa geçirýän taslamalary bilen sebitde möhüm orny eýeleýär. Bu barada Ählumumy gaz merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro sişenbe güni Aşgabatda geçirilen “Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir” atly halkara onlaýn maslahatynda eden çykyşynda belledi.
«Türkmengaz» DK-nyň ileri tutýan ugurlary: turba geçiriji gazyny eksport etmekden başlap, ony çuňlaşdyryp gaýtadan işlemeklige çenli
01.12.20 - 19:21Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň binýadynda durnukly ösüş arkaly parahatçylygy berkitmeklik ýatyr. Munuň özi bilelikdäki ykdysady, maýa goýum taslamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmegi, halkara gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmegi maksat edinýän ýurdumyzyň diplomatiýasynyň esasy düzümleriniň biri. Bu barada Döwlet ministri, «Türkmengaz» DK-nyň başlygy Batyr Amanowyň «Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir» atly halkara onlaýn maslahatynda eden çykyşynda bellenilip geçilýär. Maslahat şu gün Aşgabatda şäherinde açyldy.
Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Energetika forumy açyldy
01.12.20 - 14:17Şu gün «Türkmengaz» DK-nyň Tebigy gazyň ylmy-barlag institutynyň binasynda «Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir» atly halkara onlaýn maslahaty öz işine başlady. Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyna bagyşlanan forum ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramyna bagyşlandy.
Hünärmen taýýarlygynyň ähmiýeti
01.12.20 - 11:44Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bilim ulgamynda amala aşyrylýan işleriň ählisiniň düýp özeninde, ilkinji nobatda, ýurdumyzda geljekde hem kuwwatly ösüşleri üpjün etmek üçin berk binýady emele getirmek, ylym-bilimli, lebzihalal, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly nesli terbiýeläp ýetişdirmek, hut şonuň netijesinde hem kämil derejeli hünärmenleri taýýarlamak meselesi esasy orunda durýar.