Bloomberg: Saud Arabystany Aziýa üçin nebitiň bahalaryny ýokarlandyryp biler
29.07.22 - 14:11Treýderleriň indiki aýda spot bahalaryň peselmegine garaşýandygyna garamazdan, Saud Arabystany Aziýa üçin nebitiniň bahalaryny sentýabrda ýokarlandyrar. Bu barada Praým agentligi Bloomberge salgylanyp habar berýär. Geljek aýlar nebit bazary üçin aýgytly bolup biler diýip, treýderler hasaplaýar.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metri üçin 2200 dollardan gymmatlady
28.07.22 - 14:04«Demirgazyk akymynda» gaz geçiriji enjamlaryň ýene biriniň hatardan çykmagyna garaşylýan mahalynda, Ýewropada gazyň spot bahasy sişenbe güni agşama çenli, müň kub metrine 2200 dollardan geçdi diýip, Interfaks habar berýär.
API-niň ABŞ-da ätiýaçlyklaryň pese düşýändigi baradaky maglumatlarynyň esasynda nebitiň bahalary ýokarlanýar, Brent — 104,58 dollar
28.07.22 - 14:05Amerikanyň nebit institutynyň (API) ABŞ-da ätiýaçlyklaryň birden peselmegini görkezýän maglumatlarynyň esasynda nebitiň bahalary çarşenbe güni az-kem ýokarlanýar diýip, Interfaks habar berýär.
Owganystan türkmen suwuklandyrylan gazynyň importyny artdyrýar
26.07.22 - 23:15Duşenbe güni owgan habar beriş serişdeleri Türkmenistandan Owganystana suwuklandyrylan gazyň importynyň artandygyny habar berdiler. Neşirlerde bellenilmegine görä, bu barada beýannamany ykdysady toplumyň mejlisinden soň, talibanlaryň wagtlaýyn hökümeti neşir etdi.
Awtobenzin we suwuklandyrylan gaz TDHÇMB-niň söwdalarynyň walýuta geleşikleriniň esasyny düzdi
25.07.22 - 19:31Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 73-si hasaba alyndy. Olaryň jemi bahasy ABŞ-nyň 41 million 403 müň dollaryndan gowrak boldy.
Treýderler Ýewropada gazyň ýokary bahalarynyň geljek ýyllarda saklanyp galmagyna garaşýarlar
26.07.22 - 02:38Ýewropada tebigy gazyň bahalary teklibiň az bolmagy netijesinde ýakyn ýyllarda ýokary bolmagynda galar diýip treýderler çaklaýar. Bu barada Interfaks habar berýär.
«Demirgazyk akymy» boýunça ibermeler dikeldilenden soň hem Ýewropada gazyň bahasy arzanlamady
23.07.22 - 19:52«Demirgazyk akymy» boýunça ibermeler dikeldilenden soň hem Ýewropada gazyň bahasy arzanlamady. Eýýäm bir hepde bäri bahalar müň kub metrine 1600 dollar derejesinde saklanýar.
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň üsti bilen energiýa geçirijileriniň ibermelerini artdyrmaga taýýar
23.07.22 - 19:53Penşenbe güni Çolpon-Atada (Gyrgyzystanyň Yssyk-Köl welaýaty) Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň dördünji Konsultatiw duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleri gatnaşdy.
Çökgünlik howpy nebitiň bahalaryny aşakladýar — analitikler II ýarym ýylda Brentiň bahalarynyň 100 dollar bolmagyna garaşýarlar
23.07.22 - 22:22Energiýa geçirijileriň bazarynda çökgünlik zerarly dünýä ykdysadyýetinde emele gelip biljek çökgünlik bilen bagly howatyrlanmalar iýul aýynyň dowamynda Brent nebitiniň bahalaryny 7% aşaklatdy. Bu günki gün barreliň bahasy 103 dollardan aşaklatdy. Pudaklaýyn analitikler bahalaryň ýene-de birnäçe dollar aşaklajakdygyna we şol derejede 2022-nji ýylyň ahyryna çenli saklanjakdygyna ynanýarlar diýip, Interfaks habar berýär.
Türkmenistan we Gruziýa hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi, şol sanda energetika ulgamynda işjeňleşdirmegi maksat edinýär
22.07.22 - 03:4720-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Aşgabada gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Garibaşwili bilen duşuşdy.
Türkmenistan Hytaýa turbageçiriji arkaly gaz ibermekde lider bolmagynda galýar
22.07.22 - 03:45Hytaýa turbageçiriji arkaly gaz satýan döwletleriň arasynda Türkmenistan 2022-nji ýylyň 6 aýynyň jemi boýunça birinji ýeri eýelemegini dowam edýär. Bu barada HHR-niň Baş gümrük müdirligine salgylanyp, TASS agentligi habar berýär.
Türkmenistanda gaz turbinalaryny abatlamak boýunça Merkezi Aziýada ilkinji merkez ulanyşa girizildi
22.07.22 - 03:4620-nji iýulda Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Dabara Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Ahaldaky benzin önümçiligi boýunça zawodyň çäginde rezerwuar parkyny gurmak boýunça bäsleşik yglan edildi
21.07.22 - 01:19Türkmenistanda tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça Ahaldaky zawodyň çäginde benzin, kükürtsizlendirilen dizel fraksiýasy we suwuklandyrylan gaz saklamak üçin täze rezerwuar parky gurlar. Bu «Нейтральный Туркменистан» gazetinde neşir edilen «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň yglan eden halkara bäsleşiginde göz öňünde tutulýar.
Birža söwdalarynda nebit önümleriniň giň toplumy eksport edildi
21.07.22 - 01:20Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy.
Türkmenbaşynyň deňiz porty 2021-nji ýylda ýük daşamalarynyň möçberini 28% ýokarlandyrdy
20.07.22 - 01:01Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende ýük daşamalarynyň möçberini 2021-nji ýylda 28% ýokarlandyrdy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky Ilçihanasynyň hemişelik wekili, ilçi Atageldi Haljanow duşenbe güni Aşgabatda açylan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» Halkara maslahatynda eden çykyşynda belledi.