TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtly alyjylara awiakerosin we suwuklandyrylan gaz satyldy
30.08.22 - 15:09Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti «Gazpromyň» ýolbaşçysy bilen gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
30.08.22 - 23:52Duşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen «Gazprom» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleriň arasynda geçirilen duşuşykda ýangyç-energetika toplumy ulgamynda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmennebit» DK-nyň başlygynyň orunbasaryny wezipesinden boşatdy
30.08.22 - 14:16Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Mämmedow Toýgeldi Baýrammyradowiç, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
«Türkmengeologiýa» DK 3D modelirleme üçin enjamlary satyn almagy meýilleşdirýär
30.08.22 - 14:17«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy seýsmiki barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, 3D ölçegli geofiziki enjamlar toplumyny satyn almagy meýilleşdirýär.
«Türkmennebit» DK «KING EASE LIMITED» (HHR) kompaniýasyndan buraw turbalaryny satyn alar
30.08.22 - 14:22“Türkmennebit” döwlet konsernine 2309 tonna dürli ölçegli buraw turbalaryny satyn almak barada Hytaý Halk Respublikasynyň “KING EASE LIMITED” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.
Brent nebitiniň bahasy ýene-de 100 dollardan geçdi
27.08.22 - 14:18Deslapky gün aşaklamadan soň, anna güni irden nebitiň bahalary ýene-de ýokarlanýar diýip, daşary ýurt habar beriş serişdeleri ýazýar.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 3300 dollardan geçdi
27.08.22 - 14:20Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy penşenbe güni agşam işjeň ösüşini dowam etdi. Ýewropa söwda sessiýasynyň ahyrynda bahalaryň ýokary göterilmegi aziýa bazarynda kotirowkalaryň ýokarlanmagynyň täsiriniň netijesi bolup durýar diýip, Interfaks habar berýär.
Balkan welaýatynda uglewodorodlaryň önümçiligini artdyrmak meýilleşdirilýär
26.08.22 - 00:58Türkmenistanyň esasy nebitgaz toplumy bolan Balkan welaýatynda 2025-nji ýyla çenli tebigy gazyň çykarylyşyny ýylda 11 mlrd kub metre çenli artdyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysady howplardan goranmak boýunça Agentligiň Ykdysady howplary analiz etmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Hangeldi Gurbangeldiýew türkmen metbugatyna beren teswirinde belledi.
Birža söwdalarynda suwuklandyrylan tebigy gazyň we awiakerosiniň eksporty boýunça geleşikler baglaşyldy
25.08.22 - 00:3422-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy ABŞ-nyň 5,4 mln dollaryna barabar bolan 12 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
«Türkmennebit» DK: ýanwar-iýul aýlary boýunça üstünlikli netijeler gazanyldy
24.08.22 - 02:512022-nji ýylyň ýedi aýynyň netijeleri boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça senagat taýdan özleşdirilen guýulardan 2 mln 123 müň tonna «gara altyn» we 2 mlrd 613 kub metr «mawy ýangyç» alyndy. Şol bir wagtda bellenilen döwür üçin önümçilik meýilnamasy degişlilikde 101,1% we 115,3% ýerine ýetirildi.
BMG-niň Baş Assambleýasynda Türkmenistan energetika ulgamynda başlangyçlar bilen çykyş eder
24.08.22 - 02:52Birnäçe hepdeden Nýu-Ýorkda öz işine başlajak Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisinde Türkmenistan birnäçe başlagyçlary, şol sanda energetika ulgmamynda başlangyçlary öňe sürer. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Birža söwdalarynda ýangyjyň dürli görnüşleri we polietilen ýerlenildi
22.08.22 - 21:57Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy. Olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 29 million 727 müň dollaryndan gowrak boldy.
Neon senagaty Türkmenistana uly girdejileri getirip biler — bilermen
22.08.22 - 22:46Belli türkmen alymy, bilermen we tehniki ylymlarynyň doktory Allaberdi Ylýasow Türkmenistanda neonyň himiýa substansiýasynyň önümçilik mümkinçiligini geljegi uly taslama hasaplaýar. Bu barada CentralAsia.news habar berýär.
TNGIZT-de hapalaýjy jisimlere awtomatlaşdyrylan gözegçilik ulgamy oturdylar
19.08.22 - 21:55Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda hapalaýjy jisimleriň atmosfera düşmegine gözegçilik edýän we hasaba alýan awtomatlaşdyrylanulgamy oturtmagy meýilleşdirýär.