Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etdi

04:07 25.03.2024 7887

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/10246/original-166002a346b1bf.jpg

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 23-nji martda geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Bellenilişi ýaly, bu resminama ýüze çykýan gapma-garşylyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasynda ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Şeýle-de ol dünýäde parahatçylyk dialogy medeniýetini ösdürmek üçin alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini görkezýär.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy BMG-niň Baş Assambleýasynyň bu Kararnamany kabul etmegi bilen baglylykda, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda çäreleri geçirmek boýunça Hökümet derejesindäki degişli guramaçylyk toparyny döretmek we onuň mejlislerinde anyk meselelere seretmek, bu işleri halkara derejede geçirmek maksady bilen, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň gatnaşmagynda duşuşyklary geçirmek baradaky teklipleri beýan etdi.

BMG-ä agza ýurtlaryň Türkmenistanyň bu başlangyjyny goldamagy, oňa 86 ýurduň awtordaş bolmagy biziň üçin örän uly abraýdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Prezident bu başlangyjy biragyzdan goldan ähli ýurtlara türkmen halkynyň adyndan tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Bu resminamanyň kabul edilmegi Watanymyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda ynanyşmagy berkitmek, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr diýip, döwlet Baştutany belledi.

Başga makalalar
1668bfcd4af103.jpg
Şaşka bäsleşigi

Aklar başlaýar we utýar


164e44cbfc5fd4.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda benzin, awiakerosin we polipropilen öň hatarda boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.


1641bf293a5da2.jpeg
Türkmenistanda Nowruz baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi

21-22-nji martda Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni ruhubelentlik bilen garşylandy.


1641bf0ba85122.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Katar bilen döwletara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň mümkinçilikleri hakynda

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kataryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygynda döwletara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak üçin bar bolan mümkinçililere seretmegiň zerurlygyny belledi. Bu barada Türkmenistanyň Baştutany Kataryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we maýa goýum edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygynda belledi.


1686771c74bde1.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ABŞ-nyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.