Türkmenistanyň Prezidenti 4-5-nji oktýabrda Özbegistanda resmi saparda bolar
15:56 04.10.2021 6062
Türkmenistanyň Prezidenti 4-5-nji oktýabrda resmi sapar bilen Özbegistana barar. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň bu ýurda saparyna görülýän taýýarlyk barada geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi.
1993-nji ýylyň fewralynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýan Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Häzir ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny 221 sany resminama düzýär. 2007 — 2021-nji ýyllarda iki ýurda ýokary derejede jemi 23 sany döwlet, resmi we iş saparlary amala aşyryldy.
Türkmen-özbek ykdysady gatnaşyklaryna netijeli häsiýet mahsus bolup, ikitaraplaýyn daşary söwda dolanyşygynyň möçberiniň artandygyny bellemek gerek. Şunda bilelikdäki hökümetara toparyň işine ähmiýetli orun degişlidir. Häzirki wagta çenli bu toparyň 16 sany mejlisi geçirildi. Türkmenistan we Özbegistan medeni-ynsanperwer ulgamda hem netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu ugurda dürli çäreler, şol sanda iki ýurduň Medeniýet günleri yzygiderli guralýar. Şol günlerde Özbegistanda Türkmenistanyň kino günleri geçirilýär.
Şonuň bilen birlikde, ýokary derejede gazanylan ylalaşyklardan ugur alnyp, iki döwletiň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn üns berilýär.
Häzirki wagtda iki ýurduň daşary syýasat edaralary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna boljak resmi saparyna taýýarlyk görmek bilen bagly işler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideriniň garamagyna degişli Maksatnamanyň taslamasy hödürlenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen-özbek gatnaşyklarynyň däbe öwrülen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetini belledi. Bu gatnaşyklar taryhy taýdan emele gelen medeni we ruhy ýakynlyga esaslanyp, biziň doganlyk halklarymyzy birleşdirýär.
Döwlet Baştutany sözüni dowam edip, ýylsaýyn täze, anyk mazmuna eýe bolýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin örän uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň sebitleriniň derejesinde netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin hem uly mümkinçilikler açylýar. Sentýabr aýynda Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimlikleriniň wekiliýetleriniň Özbegistanyň Horezm we Buhara welaýatlaryna bolan iş saparlary hem hut şoňa ýardam edýär.
Şonuň bilen birlikde, biziň ýurtlarymyz köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit we halkara guramalaryň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edýärler hem-de birek-biregi goldaýarlar.
Gurbanguly Berdimuhamedow taraplaryň ähli ugurlarda netijeli döwletara gatnaşyklary has-da ösdürmegi ugur edinýändigini kanagatlanma bilen belläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Özbegistan Respublikasyna boljak resmi sapara hem-de onuň çäklerinde meýilleşdirilen çärelere taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
«Türkmengaz» DK-nyň «Merw» toparynyň futbolçylary 22-nji awgustda «Hujand» täjik topary bilen duşuşar
Tamamlanyp barýan hepdäniň möhüm wakalarynyň biri hem, AFK-2023/24 Kubogynyň Merkezi zolakdaky deslapky tapgyry boldy. Ol duşuşyk Mary şäherinde 10 müň orunlyk «Sport toplumy» stadionynda geçirildi.
Owganystana iberilen ynsanperwer kömegiň içinde 20 sany demir ýol çeleklerinden ybarat nebit önümleri bar
Sişenbe güni Türkmenistandan goňşy Owganystana azyk, dokma, hojalyk harytlaryndan, şeýle-de nebit önümlerinden ybarat bolan ynsanperwer kömegi ugradyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümleri birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 103-si hasaba alyndy.
Daewoo E&C Türkmenistan bilen strategiki gatnaşyklaryny berkidýär
«Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju täze işewürlik mümkinçiliklerini maslahatlaşmak hem-de kompaniýanyň Merkezi Aziýada ornuny berkitmek üçin 26-30-njy iýun aralygynda Türkmenistana sapar bilen geldi diýlip, kompaniýanyň 1-nji iýulda çap edilen beýanynda aýdylýar.
Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny doglan güni bilen gutlady
29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.