Seýdiniň NGIZ ýanwar-aprel üçin önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdi
21:18 19.05.2022 6112
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody şu ýylyň başky dört aýynda ýokary önümçilik görkezijilerini gazandylar. Bu döwürde kärhanada çig malyň gaýtadan işlenilýän derejesi 162,8 müň tonna deň boldy, şol bir wagtda meýilnama 120,6% ýerine ýetirildi.
Gaýtadan işlenilen çig maldan 155,9 müň tonna taýýar önüm öndürildi. Meýilnama 124% ýerine ýetirildi. Geçen döwürde öndürilen önümiň esasy möçberi, hususan-da, 83,5 müň tonnadan gowragy benziniň paýyna düşdi. Belläp geçsek, geçen ýylyň degişli döwri üçin bu görkeziji 76,4 müň tonna deň boldy. Şeýlelikde, hasabat döwründe ösüş depgini 109,3%-e deň boldy.
Uly islegden peýdalanýan nebit önümleriniň hatarynda dizel ýangyjyna hem uly orun degişlidir. Hasabat döwründe bu harytlyk önümiň 43,5 müň tonnasy öndürildi, şol bir wagtda dört aý üçin meýilnama 122% ýerine ýetirildi. Şeýle hem ýol bitumynyň we wakuum gazoýlynyň önümçiligi ýokary sepgitlere ýetdi.
Bu gazanylan üstünlikleri hünärmenler täze önümçilikleriň döwrebaplaşdyrylmagy we işe girizilmegi bilen baglanyşdyrýarlar. Garaşsyzlyk ýyllarynda bu kärhanada düýpli özgertmeler geçirildi. Kärhananyň esasy desgasy bolan LÇ-35 – 11/1000 katalitik riforming desgasynyň abatlanylmagy netijeli önümçiligiň ýola goýulmagyna mümkinçilik berdi. Ýol bitumynyň önümçiligi boýunça desganyň ulanyşa girizilmegi bilen bolsa, öndürilýän önümleriň sany artdyryldy.
Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar
Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar. Bu barada 15-16-njy awgustda Awazada geçirilen ulag forumynyň çäginde Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministri Suheil Al-Mazruiniň arasynda geçirilen duşuşykda bellenildi.
Gazagystanyň Prezidenti Aşgabatda halkara forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnşajakdygyny tassyklady. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda bellenilýär.
Türkmenistan birinji ýarym ýyllykda Azerbaýjana benzin ibermekde ikinji orny eýeledi
Azerbaýjan 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistandan 36 müň 571 tonna AI-92 belgili awtomobil benzinini import etdi diýip, angy.ru nebitgaz habarlar agentligi habar berýär.
«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň gazçylary zähmet borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýärler
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň gazçylary şu ýylyň ýedi aýy boýunça ýokary zähmet üstünliklerini gazandylar. Hasabat döwründe müdirlik boýunça tebigy gazyň önümçiligi 7 mlrd 214,6 mln kub metre barabar boldy, meýilnama 127% ýerine ýetirildi.
Birža söwdalarynda Türkiýeden we Owganystandan gelen işewürler suwuklandyrylan gaz, awiakerosin satyn aldylar
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.