Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde ilkinji sapar Russiýa barar
10:26 07.06.2022 5699
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu hepdede ilkinji gezek Russiýa resmi sapar bilen barar. Saparyň barşynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşikleri geçirer diýip, rus habarlar agentlikleri habar berýär.
Bu Serdar Berdimuhamedowyň we Wladimir Putiniň iki dostlukly ýurduň lideri hökmünde ilkinji gepleşikleri bolar.
«Russiýa resmi sapar bilen ilkinji gezek Türkmenistanyň Prezidenti geler... Bu ýurt bilen Russiýanyň giň gerimli hyzmatdaşlygy bar, iki ýurt hem ony mundan beýläk-de ösdürmegi meýilleşdirýär» - diýlip «Rossiýa-1» teleýaýlymynda ýekşenbe güni habar berildi.
Şu ýylyň 18-nji maýynda Wladimir Putin Serdar Berdimuhamedowy «Dostluk» ordeni bilen sylaglamak hakynda karara gol çekdi. Kararda bellenilişi ýaly, türkmen lideri bu sylaga «Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan goşandy üçin mynasyp boldy».
Şu ýylyň aprel aýynda telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Wladimir Putin Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentini Russiýa sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Bu mart aýynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandan soň, Serdar Berdimuhamedowyň ikinji daşary ýurt sapary bolar. Geçen hepdede döwlet Baştutany iki günlük sapar bilen Saud Arabystanyna bardy we ol ýerde Umra haj parzyny berjaý etdi.
Wodorody öndürmegiň usullary we ulanmagyň mümkinçilikleri
Häzirki döwürde dünýä möçberinde wodorody almagyň 85 göterim möçberi metanyň suw bugy bilen konwersiýa tehnologiýasy, 10 göterimi nebit, kömür we bary-ýogy 5 göterimi elektroliz usul bilen suwdan alynýar.
Türkmenistan Hytaýa tebigy gazy iň iri iberiji ýurt bolmagynda galýar
Şu ýylyň başyndan bäri Hytaýa gaz iberiji iň iri ýurt Türkmenistandyr diýip, Interfaks agentligi HHR-iň Gümrük boýunça baş administrasiýasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow “Galkynyş” toparynyň agzalaryny Monte-Karloda halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan baýragy bilen gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan altyn baýragy bilen gutlady.
Türkmenistan Hindistanyň gurnan «Merkezi Aziýa ýurtlarynda işewürligiň mümkinçilikleri» forumyna gatnaşdy
Türkmenistan Hindistanyň DIM-niň goldaw bermeginde bu ýurduň Söwda-senagat edarasy tarapyndan gurnalan «Merkezi Aziýa ýurtlarynda işewürligiň mümkinçilikleri» forumyna gatnaşdy.
OPEC gaznasy Türkmenistana 45 million dollar karz bermekligi tassyklady
OPEC Halkara ösüş gaznasy (OPEC gaznasy) tutuş dünýä boýunça durnukly ösüş üçin 352 million dollar möçberinde serişde bölüp bermegi göz öňünde tutýar. Şolardan 45 million ABŞ dollary möçberinde karz serişdesi Türkmenistana bölünip berler. Bu barada degişli çözgüt gaznanyň dolandyryjylar geňeşiniň 178-nji mejlisinde kabul edildi.