Tähranda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekildi
21:16 16.06.2022 12454
Geçen çarşenbe güni Eýranyň paýtagty Tähranda iki ýurduň Hökümet wekiliýetiniň gatnaşmagynda ýokary derejedäki türkmen-eýran gepleşikleri geçirildi. Mälim bolşy ýaly, 14-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen bu ýurda bardy. Gepleşikleriň barşynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy, ulag we energetika ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen meseleler gepleşikleriň özenini düzdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistanyň öňden gelýän iri söwda-ykdysady hyzmatdaşydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy ýaly pudaklarda oňyn gatnaşyklaryň ösdürilýändigi bellenildi. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir, onuň çäklerinde ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk işjeň alnyp barylýar.
Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutany eýranly kärdeşini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Eýran-türkmen hyzmatdaşlygynyň özara gatnaşyklaryň köp ýyllyk tejribesine daýanýan ygtybarly binýadynyň bardygyny belläp, Eýranyň Baştutany onuň ähli ugurlar boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Ulag-kommunikasiýa pudagy we energetika ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Soňky ýyllarda emele gelen düzümleriň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy bu ugurdaky gatnaşyklaryň berkidilmegine täsirini ýetirer.
Gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek dabarasy boldy. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Seýed Ebrahim Raisi dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda resmi saparyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.
Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Maýa goýumlar boýunça bilelikdäki komiteti döretmek barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Maýa goýumlar, ykdysady we tehniki kömek boýunça guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama we beýlekiler bar.
Şeýle-de Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary Tähranda eýran kärdeşleri bilen duşuşyklary we gepleşikleri geçirdiler. Şolaryň dowamynda dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalar toplumyna gol çekildi.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary metbugat üçin gysgaça ýüzlenme bilen çykyş etdiler. Ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri barada aýdyp, Eýranyň Baştutany Seýed Ebrahim Raisi Tährana resmi sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň agzalaryna hoşallyk bildirdi. Şu gezekki geçirilen gepleşikleriň çäklerinde gol çekilen resminamalar geljek 20 ýyl üçin döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmeginde Tähranyň we Aşgabadyň möhüm orun eýeleýändiklerini görkezdi. Munuň özi taraplaryň eýran-türkmen gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmäge bolan gyzyklanmalarynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Hazar sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýokary derejede geçirilen duşuşykda garalan meseleleriň biri boldy. Munuň özi Eýran Yslam Respublikasynyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip, eýran Lideri Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitiniň ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi.
Soňra çykyş eden Serdar Berdimuhamedow gadymy eýran topragynda mähirli garşylandygy hem-de netijeli gepleşikler babatda zerur şertleriň döredilendigi üçin eýranly kärdeşine minnetdarlyk bildirdi. Ýokary derejedäki duşuşyk iki doganlyk döwletiň gatnaşyklaryna mahsus bolan açyklyk, ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda geçirildi diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen belledi.
Hazar deňzindäki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz eýranly kärdeşini şu ýyl Türkmenistanda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitine gatnaşmaga çagyrdy.
Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar
Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar. Bu barada 15-16-njy awgustda Awazada geçirilen ulag forumynyň çäginde Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministri Suheil Al-Mazruiniň arasynda geçirilen duşuşykda bellenildi.
Gazagystanyň Prezidenti Aşgabatda halkara forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnşajakdygyny tassyklady. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda bellenilýär.
Türkmenistan birinji ýarym ýyllykda Azerbaýjana benzin ibermekde ikinji orny eýeledi
Azerbaýjan 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistandan 36 müň 571 tonna AI-92 belgili awtomobil benzinini import etdi diýip, angy.ru nebitgaz habarlar agentligi habar berýär.
«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň gazçylary zähmet borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýärler
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň gazçylary şu ýylyň ýedi aýy boýunça ýokary zähmet üstünliklerini gazandylar. Hasabat döwründe müdirlik boýunça tebigy gazyň önümçiligi 7 mlrd 214,6 mln kub metre barabar boldy, meýilnama 127% ýerine ýetirildi.
Birža söwdalarynda Türkiýeden we Owganystandan gelen işewürler suwuklandyrylan gaz, awiakerosin satyn aldylar
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.