Aşgabat we Tähran özara söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmagy meýilleşdirýär

09:17 17.06.2022 325

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/4828/original-162ab093de4bf9.jpeg

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bolmagy we iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň düýpli artmagynyň möhümligi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň Bilelikdäki Beýannamasynda bellenildi.

«Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtap, iki ýurduň doganlyk halklarynyň gülläp ösmegi üçin bu mümkinçiliklerden doly peýdalanmak ugrunda tagalla etmäge meýillidiklerini beýan etdiler» diýlip, Bilelikdäki Beýannamada aýdylýar.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklara itergi berýän we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge hyzmat edýän ýokary derejedäki duşuşyklary yzygiderli esasda geçirmegiň möhümdigini bellediler.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň wajyp orun eýeleýändigini nygtap, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberlerini düýpli artdyrmagyň möhümdigini tassykladylar.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de höweslendirmegiň, iki ýurtda öndürilýän önümler bilen özara tanyşdyrmagyň, eksport-import mümkinçiliklerini öwrenmegiň we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze görnüşlerini gözlemegiň zerurdygyny bellediler.

«Taraplar energetika pudagynda, aýratyn-da, nebit we gaz ugurlarynda olaryň «swop» görnüşinde we üstaşyr geçirilişini hem-de söwdasyny öz içine alýan hyzmatdaşlygy öwrenmegiň zerurdygyny bellediler» - diýlip resminamada aýdylýar.

Başga makalalar
16010fa1716613.jpeg
«Nebitdag» BIM: buraw işleri öňdebaryjy depginde

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri geçen ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen tamamladylar. 2020-nji ýylyň jemleri boýunça buraw işleriniň meýilnamasy 121% ýerine ýetirildi.


16047045a403cb.jpeg
Turbageçirijileriň gurluşyk işlerini optimizirlemek üçin innowasion tehnologiýa

Uniwersitetimizde işlenip düzülen robot nebitgaz geçirijileriniň, ýangyç-energetika pudagynyň turbageçirijileriniň we beýleki halk hojalyk önümçiliginiň turbagurluşyk işlerini kämilleşdirmek, optimizirlemek, tizlik we hil häsiýetnamasyny ýokarlandyrmak üçin peýdalanmakda oňat netijeliligi berer diýip tama edýäris.


16163f0a046db2.jpeg
Dokuz aýyň jemlerine garaldy

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar-sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy boldy.


161c026f9c56be.jpeg
Uçar kerosini — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 6-sy hasaba alyndy.


162503bb625cc5.jpeg
Wladimir Putin: bilelikdäki tagallalarymyz arkaly rus-türkmen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün ederis

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi.