Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatynda täze gaz ýygnaýjy bekediň açylyşyna gatnaşdy
14:50 20.06.2022 6978
Geçen şenbe güni Lebap welaýatyna toý sabarynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow täze gaz ýygnaýjy bekediň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Serdar Berdimuhamedow dikuçarda Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň çäginde ýerleşýän «Gadyn» gaz ýygnaýjy bekediniň açylyş dabarasynyň geçiriljek ýerine bardy. Bu ýerde Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda täze gaz ýygnaýjy bekedi işe girizmek dabarasy geçirildi.
Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) Türkmenistandaky şahamçasynyň Baş direktory Çen Huaýlun döwlet Baştutanyna Farap etrabynyň çäginde gurlup ulanmaga berilýän gaz ýygnaýjy bekediň ugurdaş düzümleri, onuň gaz geçiriji ulgamy we bu toplumyň ortaça ýyllyk kuwwatlylygy barada maglumat berdi.
Hytaýly işewür Lebap welaýatyndaky gaz käninde täze gaz ýygnaýjy bekediň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy barada aýdyp, sanly ulgam ornaşdyrylan desganyň enjamlaşdyrylyşynyň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýändigini habar berdi.
Dabara gatnaşyjylaryň öňünde eden çykyşynda Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, uglewodorod serişdelerimizi daşarky bazarlara ibermek tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän ýurdumyzyň strategik maksady bolup durýar. Bu ugurda amala aşyrylýan taslamalar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de beýleki döwletleriň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga, sebitara gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýär.
Döwlet Baştutanymyz dostlukly Hytaý Halk Respublikasy bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamalaryň örän möhüm ähmiýete eýedigi barada aýdyp, Hytaýyň Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden biziň bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýandygyny hem-de şu ýyl bu şanly waka 30 ýyl dolýandygyny ýatlatdy.
Şu döwürde hytaýly hyzmatdaşlar bilen nebitgaz pudagynda ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Bu bolsa iki döwletiň hem ykdysady kuwwatynyň artmagyna oňaýly täsirini ýetirdi. Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi munuň aýdyň mysalydyr.
Her biriniň uzynlygy 1830 kilometr bolan üç şahaly gaz geçiriji ýylda 55 milliard kub metr «mawy ýangyjy» geçirmäge mümkinçilik berýär.
Onuň 2009-njy ýylyň ahyrynda işe girizileninden bäri, Türkmenistandan Hytaýa 334 milliard kub metrden hem köp tebigy gaz iberildi. Geljekde bu zerur ýangyjyň iberilýän möçberini ýylda 65 milliard kub metre ýetirmek üçin onuň 4-nji şahasyny gurmak göz öňünde tutulýar.
«Gadyn» käninde täze gurlan gaz ýygnaýjy beket hem şeýle desgalaryň biridir. «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginiň “Kiştiwan”, “Günbatar Kiştiwan”, “Gadyn”, “Eljik”, “Gündogar Eljik” känlerinden tebigy gazyň gije-gündizde 5,5 million kub metrini ýygnap, Hytaý döwletine ibermekde bu bekede uly orun degişlidir.
Döwrebap desganyň işe girizilmegi täze iş orunlarynyň 200-sini döretmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi halkymyzy iş bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň hem aýdyň mysalydyr diýip, Prezident aýtdy.
Soňra döwlet Baştutany Çärjew etrabynda ýerleşýän, kuwwatlylygy 432 MWt bolan gazturbinaly elektrik bekedini hem-de Lebap welaýatynyň ilatyny tebigy gaz bilen üpjün etmäge niýetlenen Üçajy — Zerger gaz geçirijisini ulanmaga bermek üçin ak pata berdi.
Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar
Türkmenistan BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýar. Bu barada 15-16-njy awgustda Awazada geçirilen ulag forumynyň çäginde Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministri Suheil Al-Mazruiniň arasynda geçirilen duşuşykda bellenildi.
Gazagystanyň Prezidenti Aşgabatda halkara forumyna gatnaşjakdygyny tassyklady
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnşajakdygyny tassyklady. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda bellenilýär.
Türkmenistan birinji ýarym ýyllykda Azerbaýjana benzin ibermekde ikinji orny eýeledi
Azerbaýjan 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistandan 36 müň 571 tonna AI-92 belgili awtomobil benzinini import etdi diýip, angy.ru nebitgaz habarlar agentligi habar berýär.
«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň gazçylary zähmet borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýärler
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň gazçylary şu ýylyň ýedi aýy boýunça ýokary zähmet üstünliklerini gazandylar. Hasabat döwründe müdirlik boýunça tebigy gazyň önümçiligi 7 mlrd 214,6 mln kub metre barabar boldy, meýilnama 127% ýerine ýetirildi.
Birža söwdalarynda Türkiýeden we Owganystandan gelen işewürler suwuklandyrylan gaz, awiakerosin satyn aldylar
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.