29-njy iýunda Aşgabatda VI Hazar sammiti geçiriler
15:45 23.06.2022 4660
29-njy iýunda Aşgabatda VI Hazar sammitini geçirmek meýilleşdirilýär. Onuň öň ýanynda Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahaty geçiriler. Onuň barşynda diplomatlar bäş döwletiň Liderleriniň duşuşygynyň gün tertibine ýene-de bir gezek gararlar. Bu barada çarşenbe güni RF-niň DIM-niň resmi wekili Mariýa Zaharowa brifingde habar berdi.
Onuň bellemegine görä, mundan öňki şu formatdaky duşuşyk 2018-nji ýylyň 11-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde V Hazar sammitiniň öň ýanynda geçirildi. Şol sammitde taryhy resminama — Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa gol çekildi.
Hazarýaka döwletleriniň daşary işler minsitrleriniň Aşgabatdaky duşuşygynda Hazar deňzinde hyzmatdaşlyga syn bermek we hazar «bäşliginiň» Prezidentleriniň ýakynda geçiriljek duşuşygyň taýýarlygynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň modallygyny maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.
Parižde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýanyň işewür toparlary bilen duşuşyklary geçirildi
4-5-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýa saparynyň çäklerinde wekiliýet agzalar bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda onlarça işewürlik duşuşyklary geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Türkmenistan we Halkara sergiler býurosy hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar
Halkara sergiler býurosynyň (HSB) Baş sekretary Dmitriý Kerkentzes Türkmenistan bilen gatnaşyklara ýokary baha berýär we halkara sergi işinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri Kabulda TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşyny maslahatlaşdylar
TAPI Pipeline Company Ltd-iň baş direktory Muhammetmyrat Amanow Owganystanyň şahtalar we nebit ministri wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişi maslahatlaşyldy diýip, TOLO news habar berýär.
«Söwda öýi» kärhanasy Katardaky «EKSPO-2023» üçin Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna Katar Döwletiniň Doha şäherinde 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry — 2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda geçiriljek «EKSPO — 2023» halkara sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada “Söwda öýi” kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti fransuz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet 4-5-nji sentýabrda Fransiýa Respublikasynda saparda bolup, türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.