Türkmenistan ýangyç-energetika toplumy üçin Germaniýanyň tehnikalaryny getirmek meselesini öwrenmäge taýýar
02.10.23 - 13:27Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Berlinde türkmen-german işewürler maslahatyndaky çykyşynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy üçin Germaniýanyň kompaniýalarynyň tehnikalaryny getirmek meselesini öwrenmäge taýýardygyny aýtdy.
Halk Maslahatyna gatnaşyjylara söz berýäris
30.09.23 - 06:56— Halk Maslahatynyň bu taryhy mejlisi döwletiň we jemgyýetiň, her bir türkmenistanlynyň durmuşynda möhüm, şanly waka boldy.
Halk Maslahatyna gatnaşyjylara söz berýäris
30.09.23 - 06:53— Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işine gatnaşmagymy özüme bildirilen uly ynam we hormat hasaplaýaryn. Umumymilli forumyň geçirilmeginiň özi — türkmen döwletini we jemgyýetini demokratiýalaşdyrmagyň, onuň Garaşsyz ösüşiň ýolunda uly üstünlikleri gazanmagynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Halk Maslahatyna gatnaşyjylara söz berýäris
30.09.23 - 06:58— Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öň ýanynda ýurdumyzda geçirilen taryhy foruma gatnaşmak bagty maňa-da miýesser etdi. Hormatly Prezidentimiziň çykyşynda ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn üns berildi, bu babatda anyk wezipeler kesgitlenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow: Ýewropa ugry Türkmenistanyň halkara energetika hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde möhüm orun eýeleýär
30.09.23 - 07:08Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropa ugrunyň Türkmenistanyň halkara energetika hyzmatdaşlygynyň güntertibinde möhüm orun eýeländigini aýtdy. Bu barada Gahryman Arkadagymyz Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygyndaky çykyşynda belledi diýip TDH habar berýär.
Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýetleri German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygyna gatnaşýar
29.09.23 - 12:39Berlin şäherinde iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygyna gatnaşýar. diýip, TDH habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa + Germaniýa» görnüşindäki wekiliýetleriň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy
29.09.23 - 12:36Şu gün Berlin şäherinde iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa + Germaniýa» görnüşindäki wekiliýetleriň Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň GFR-e saparynyň öňüsyrasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlendi
29.09.23 - 12:35Türkmenistanyň wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna amala aşyrjak saparynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Maslahat köşgünde geçiren iş maslahatynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan fosfor, ammiak, karbamid we tebigy gazdan benzin önümçiligi boýunça täze taslamalara garamaga taýýar
28.09.23 - 12:56Türkmenistan himiýa we nebitgaz pudagyny ösdürmekde täze taslamalary durmuşa geçirmek, hususan-da, ýurdumyzda fosfor, ammiak, karbamid we tebigy gazdan benzin öndürýän desgalaryň önümçiligini artdyrmak boýunça tekliplere seretmäge taýýar. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» ýapon kompaniýasynyň strategik meseleler boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabe bilen duşuşygynda bellenilip geçildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmenistanda Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy giňden bellenilip geçildi
28.09.23 - 12:5727-nji sentýabrda türkmen halky ýurdumyzyň baş baýramyny — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny aýratyn ruhubelentlik, şatlyk bilen garşylady.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
27.09.23 - 10:04Sizi demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň durmuşyndaky örän möhüm sene — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 32 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli tutulýan uly toý-dabaralaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan ajaýyp üstünliklerimize bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyryp, agzybirligimizi we jebisligimizi dabaralandyrjakdygyna berk ynanýaryn.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky we içerki bazara polipropilen ýerlenildi
26.09.23 - 11:08Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.
Uzynadadaky täze guýy
26.09.23 - 05:59«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» üstünlikli amala aşyrylmagyna saldamly goşant goşýan «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň hünärmenleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramçylygyna mynasyp zähmet sowgatly geldiler.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
25.09.23 - 15:49Prezident Serdar Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisindäki eden çykyşynda ýangyç-energetika toplumynyň öňünde anyk maksatlary goýdy.
Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
25.09.23 - 15:50Geçen ýekşenbe güni Aşgabatda ýurt Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.