Türkmenistanyň wekiliýeti Saud Arabystanynda nebitgaz, himiýa we ýaşyl energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
25.10.23 - 05:55Türkmenistanyň wekiliýeti Saud Arabystanyna saparynyň dowamynda iki ýurduň arasynda nebit-gaz we himiýa, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
SOCAR — «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara forumynyň premýer hyzmatdaşy
25.10.23 - 04:03SOCAR kompaniýasy 25-27-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy” (OGT 2023) XXVIII halkara konferensiýasynyň we sergisiniň premýer-hyzmatdaşy hökmünde yglan edildi. Üç günlük çäre, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy şeýle-de iňlis kompaniýasy bolan GaffneyCline-iň goldawy bilen “Türkmen forum” HJ bilen bilelikde gurnalýar.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy energetikany uzak möhletleýin geljekde ÝB bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda belledi
24.10.23 - 12:15Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Lýuksemburgda «Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi» atly 19-njy ministrleriň duşuşygynda eden çykyşynda ÝB bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we uzak möhletleýin maksatly özara gatnaşykda ileri tutulýan ugurlary görkezdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda ýerleşdirilen habarda aýdylýar.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz, içerki bazara polipropilen ýerlenildi
24.10.23 - 12:14Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.
Aşgabatda nebitgaz forumyna taýýarlyk işleri tamamlanyp barýar
23.10.23 - 13:53Çarşenbe güni, 25-nji oktýabrda Türkmenistanyň paýtagtynda 46 ýurtdan 700-den gowrak wekiliýetiň gatnaşjak iň uly sebit energetika forumy OGT 2023 öz işine başlar. Gatnaşyjylaryň arasynda halkara kompaniýalarynyň we guramalarynyň, diplomatik wekilhanalaryň we ministrlikleriň, banklaryň we dürli gaznalaryň, daşary ýurtly we Türkmenistanyň KHBS-niň 400-den gowrak wekilleri bar.
Prezident OGT-2023 halkara forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy
23.10.23 - 13:52Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow şu ýylyň 25 — 27-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023” atly XXVIII halkara maslahata we sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
CNPC — «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2023» halkara forumynyň platina hyzmatdaşy
20.10.23 - 14:05«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII Halkara maslahaty we sergisi (OGT 2023), energetika geçişi bilen baglanyşykly soňky wakalary görkezmekde işjeň orny eýeleýär we bilermenleriň pikirlerini aýtmak, hyzmatdaşlygy we ösüş strategiýalaryny berkitmek üçin platformany üpjün edýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri HHR-iň Başlygy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdy
19.10.23 - 14:51Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekine bolan iş saparynyň jemleýji gününde Halk ýygnaklar öýünde HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan Hytaý bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagy maksat edinýär
19.10.23 - 14:50Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Hytaý bilen dost-doganlyk gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagy maksat edinýändigini mälim etdi diýip, TDH habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde Türkmenistanyň energiýa syýasatyny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryny mälim etdi
19.10.23 - 14:45Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Pekindäki «Bir guşak, bir ýol» Üçünji ýokary derejeli maslahatynyň çäklerindäki Özara baglanyşyk boýunça ýokary derejeli maslahatda eden çykyşynda Türkmenistanyň energiýa syýasatyny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryny mälim etdi.
Türkmenistan «Ýaşyl Ýüpek ýoly» ugrunda çykyş edýär — Gurbanguly Berdimuhamedow
19.10.23 - 14:47Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekindäki «Bir guşak, bir ýol» Üçünji ýokary derejeli maslahatynyň çäklerindäki Özara baglanyşyk boýunça ýokary derejeli maslahatda eden çykyşynda Türkmenistanyň daşky gurşaw syýasatynyň esasy ugurlary barada aýtdy.
Pakistanyň Maýa goýumlar boýunça Geňeşi döwlet düzümlerine TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny tizleşdirmegi tabşyrdy
19.10.23 - 14:49Pakistanyň Maýa goýumlaryna ýardam etmek boýunça Ýörite geňeşiniň (SIFC) Ýokary komiteti Pakistanyň Daşary işler ministrligine we Nebit departamentine Saudi Aramco-nyň we Pakistan State Oil nebitgaz kompaniýasynyň, şeýle hem TAPI gaz geçirijisiniň meseleleriniň çözülmegini çaltlaşdyrmagy tabşyrdy diýip, Business Recorder öz maglumat çeşmelerine salgylanyp, sişenbe güni habar berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Pekinde geçirilýän «Bir guşak, bir ýol» III ýokary derejeli maslahata gatnaşýar
18.10.23 - 14:52Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Pekindäki Halk ýygnaklar öýünde geçirilýän «Bir guşak, bir ýol» III ýokary derejeli maslahatyna gatnaşýar. Bu barada TDH habar berýär.
Hytaý we Türkmenistan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy ylalaşdylar — Sinhua
18.10.23 - 14:55Hytaý we Türkmenistan energiýa hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek barada ylalaşdylar diýip, Sinhua agentligi habar berýär.