10 aýda «Transneftiň» nebit geçirijileri arkaly Türkmenistandan 1,5 mln tonnadan gowrak nebit iberildi
03.11.21 - 14:30Ýanwar-oktýabr aýlarynda «Transneftiň» nebitgeçirijileri boýunça Russiýa Federasiýasynyň çäginde Türkmenistandan 1,53 mln tonna nebit üstaşyr geçirildi. Şolardan oktýabr aýynda 80,9 müň tonna «gara altyn» iberildi. Bu barada Interfaks habar berýär.
Owganystanyň Goranmak ministrligi TOPH gaz geçirijisiniň we ýurduň çäginde beýleki taslamaryň gurluşygynda howpsuzlygy kepillendirýär
02.11.21 - 14:43Ýekşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Kabul şäherine bolan iş saparynyň çäklerinde Owganystanyň ýokary derejeli döwlet wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Işjeň gepleşikleriň barşynda owgan tarapy bilelikdäki ykdysady taslamalaryň ählisiniň howpsuzlygynyň üpjün ediljekdigini beýan etdi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti Kabulda Owganystanyň Hökümet ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi
02.11.21 - 14:45Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Owganystanyň Hökümet ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti gaz pudagynyň kärhanalarynyň ýyladyş möwsümine taýýarlygy hakynda hasabat diňledi
31.10.21 - 21:20Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gyş möwsümine taýýarlyk görlüşi hem-de içerki sarp edijileriň tebigy gaz bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün edilişi barada hasabat berdi.
«Yug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasy bilen Türkmenistanda nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça şertnama gol çekildi
31.10.21 - 21:2527-28-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2021» XXVI Halkara maslahatynyň çäklerinde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy we «Yug-Neftegaz Private Limited» (Singapur) kompaniýasy Türkmenistanyň günbatarynda Goturdepe nebitgaz käniniň gündogar böleginde we Günorta Burun etraplarynda 3D we 2D barlaglaryny geçirmek üçin şertnama gol çekdiler.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2021» forumy özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini tassyklady
31.10.21 - 21:52«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2021» XXVI Halkara maslahatynyň ikinji güni Hazaryň türkmen kenarynda maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek ulgamynda täzeçillikleri, şeýle hem pes uglerodly geljege geçmekde tebigy gazyň ornuny maslahatlaşmaga bagyşlandy.
«OGT-2021» bilen «Expo Dubai 2020-niň» gatnaşyjylarynyň arasynda teleköpri geçirildi
31.10.21 - 21:21«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2021» XXVI Halkara maslahatynyň ikinji ýarymynda «Expo Dubai 2020» Bütindünýä sergisine gatnaşyjylaryň arasynda teleköpri guraldy. Oňa gatnaşyjylar häzirki döwrüň ileri tutulýan meseleleriniň biri bolan — tebigy gazy we energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmak arkaly pes uglerodly geljege geçmek meselesini maslahatlaşdylar.
«Türkmengaz» DK we «Haldor Topsoe» ammiak we metanol öndürmekde hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyga gol çekdiler
28.10.21 - 22:10«Türkmengaz» döwlet konserni we Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasy tebigy gazyň monetizasiýasy ulgamynda hyzmatdaşlygy dowam etmek hakynda ylalaşdylar. Bu gezekki hyzmatdaşlyk ammiagy we metanoly gaýtadan işlemegi dowam etmeklige gönükdirilendir. Özara düşünişmek hakynda degişli Ähtnama taraplar Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2021» XXVI Halkara maslahatynyň işiniň çäklerinde gol çekdiler.
Türkmenistan we Eýran ulag hem-de ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümligini nygtadylar
28.10.21 - 22:1126-27-nji oktýabrynda Tähranda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň 16-njy mejlisinde özara gatnaşyklaryň esasy ugurlary we ýakyn geljek üçin ileri tutulýan bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Eýran Türkmenistandan alnan gaz üçin bergisini üzmegi meýilleşdirýär — EYR-nyň nebit ministri
28.10.21 - 22:12Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistana bolan tebigy gaz bergisini üzmegi meýilleşdirýär diýip, EYR-niň nebit ministri Jawad Owji aýtdy. Bu barada Shana eýran habarlar agentligi habar berýär. Bu barada Owji Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri bilen geçiren duşuşygyndan soňra habarçylara beren beýanatynda belläp geçdi.
Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmennebit» DK-nyň we «Tatneft» kompaniýasynyň ýurtda nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça tekliplerine garady
29.10.21 - 03:19Çarşenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow käbir wise-premýerleriň, nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylarynyň hem-de “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021” atly XXVI halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahaty öz işine başlady
28.10.21 - 00:31Şu gün günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahaty öz işine başlady. Bu forumyň guramaçylary bolup «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde «Turkmen Forum» HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.
Barkindo: OPEC Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga taýýar
28.10.21 - 00:35Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy (OPEC) Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny berkitmäge taýýar. Bu barada OPEC-niň Baş sekretary Mohammed Sanusi Barkindo şu gün Aşgabatda açylan «Türkmenistanyň nebiti we gazy» 26-njy halkara maslahatyna gatnaşyjylara wiseoýüzlenmesinde aýtdy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahata gatnaşyjylara Gutlagy
27.10.21 - 19:42Sizi gözel paýtagtymyzda ýigrimi altynjy gezek geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly halkara maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Watanymyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işleriňizde rowaçlyklary arzuw edýärin.
ÝHHG Türkmenistanda energetika diplomatiýasy boýunça okuw geçirdi
27.10.21 - 19:44«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahatynyň öňüsyrasynda ÝHHG nebitgaz ulgamynda energetika diplomatiýasynyň strategiýasyny işläp düzmekde we ilerletmekde öňdebaryjy halkara tejribesine bagyşlanyp, Aşgabatda onlaýn seminar geçirdi.