
«Körpeje» müdirliginiň önümçilik görkezijileri artýar
10.06.22 - 14:57«Halkyň Arkadagly zamany» şygasy astynda geçýän ýylyň hasabat döwründe «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Körpeje» gaz çykaryş müdirligi boýunça hereket edýän guýulardan «mawy ýangyjyň» çykarylyşy 1 mlrd 52 mln kub metrden geçdi, önümçilik meýilnama 121,5% ýerine ýetirildi.

Merkezi Aziýa ýurtlary we Hytaý sebit hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagy meýilleşdirýärler
10.06.22 - 14:58Gazagystanyň Nur-Sultan şäherinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynda Daşary işler ministrleriniň Üçünji maslahaty tamamlandy. Onuň netijeleri boýunça sebit hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Nebit bazaryna «parabolalaýyn» hereket garaşýar, bahalar 150 dollara çenli çykyp biler — Trafigura-nyň ýolbaşçysy
10.06.22 - 14:59Nebitiň dünýä boýunça bahalary şu ýylda «parabolalaýyn» hereket edip, rekord derejede bahalara çenli ýokarlanyp biler we bütindünýä ykdysady ösüşi haýalladyp biler diýip, dünýäde iri garaşsyz nebit treýderleriniň biri bolan Trafigura-nyň ýolbaşçysy Jeremi Weýr hasaplaýar diýip, Interfaks habar berýär.

Nebitiň bahalary ýokarlanmagyny dowam edýär, Brent 121 dollardan geçdi
09.06.22 - 14:43Treýderleriň Günbatar ýurtlarynda awtomobil möwsüminiň başlanmagy, şeýle hem Hytaýda kowid çäklendirmeleriniň ýatyrylmagy bilen baglylykda, dünýä bazarynda energiýa serişdelerine bolan islegiň teklipden artmagyna garaşmaklarynyň barşynda nebitiň bahalary ýokarlanmagyny dowam edýär diýip, Interfaks habar berýär.

Türkmenistanyň we HHR-niň DIM-niň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
09.06.22 - 14:48Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen sişenbe güni geçiren gepleşikleriniň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meseleler toplumyny ara alnyp maslahatlaşdy. Hususan-da ýokary döwlet derejesinde öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň DIM-niň ýolbaşçylary Hazar sammitine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdylar
09.06.22 - 14:49Sişenbe güni Türkmenistanyň wekiliýetiniň Merkezi Aziýanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygyna gatnaşmagynyň çäklerinde Nur-Sultanda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Bäş aýyň jemlerine garaldy
07.06.22 - 01:54Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar-maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 4-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklary Türkmenistanyň Prezidentiniň RF saparynyň meselelerini maslahatlaşdylar
08.06.22 - 14:13Duşenbe güni Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Onuň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Prezidenti S.Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyrjak resmi sapary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Türkmenistanyň we RF-niň DIM-niň ýolbaşçylary ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklara we Hazar sammitine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy
08.06.22 - 14:14Duşenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde ilkinji sapar Russiýa barar
07.06.22 - 15:26Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu hepdede ilkinji gezek Russiýa resmi sapar bilen barar. Saparyň barşynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşikleri geçirer diýip, rus habarlar agentlikleri habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti: bäş aýyň jemi ýurdumyzyň depginli ösüşine aýdyň şaýatlyk edýär
07.06.22 - 15:27Kabul edilen ähli durmuş maksatnamalary üstünlikli amal edilýär. Hökümetimiziň we halkymyzyň guramaçylykly işi netijesinde jemi içerki önümiň ösüşi geçen bäş aýda 6,2 göterim möçberde boldy. Bu barada Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň geçen şenbe güni geçirilen bilelikdäki giňişleýin mejlisinde belledi.

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň kärhanalary bäş aý boýunça önümçilik meýilnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler
07.06.22 - 15:28Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen şenbe güni Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

OPEC+-yň önümçiligi artdyrmak kararyndan soň, nebit az-owlak arzanlady
04.06.22 - 16:35Nebitiň dünýä boýunça bahalary anna güni irden az-kem arzanlap, barreliniň bahasy 117 dollardan sähel geçdi. Muňa söwda maglumatlary şaýatlyk edýär diýip, Report azerbaýjan habarlar agentligi habar berýär.

Azerbaýjan Eýranyň üsti bilen türkmen gazyny almaga gyzyklanma bildirýär
04.06.22 - 16:37Eýranyň çäginiň üstünden Azerbaýjana türkmen gazyny ibermek taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti Azerbaýjanyň wise-premýeri Şahin Mustafaýew bilen Eýranyň nebit ministri Jawad Owjini arasynda geçirilen gepleşiklerde bellenildi. Bu barada Azertaj Azerbaýanyň Ministrler Kabinetine salgylanyp habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Mekgede umra hajyny berjaý etdi
03.06.22 - 01:03Çarşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow umra hajy däp-dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iki günlük sapar bilen bardy. Döwlet Baştutanynyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanyp, daşary ýurda ilkinji saparynyň yslam dünýäsinde keramatly saýylýan mukaddes ýerlere amala aşyrylýandygy bellärliklidir.