Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
10.03.22 - 10:41Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
10.03.22 - 10:43ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.
Ýylyň iki aýynyň jemlerine garaldy
07.03.22 - 18:35Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 4-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi ýanwar-fewral aýlarynda 6,2% derejesinde galdy
08.03.22 - 10:46Türkmenistanyň ykdysadyýetinde jemi içerki önümi öndürmek boýunça görkezijiler ýylyň başyndaky ýaly, ýagny 6,2 göterim möçberde saklanýar. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow geçen iki aýda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işiniň netijelerine bagyşlanan mejlisde belledi.
Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň ýanwar-fewral aýlarynda işiniň netijeleri maslahatlaşyldy
08.03.22 - 10:48Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde şu ýylyň geçen iki aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Nebit RF-niň ABŞ-a ibermelerini togtatmak mümkinçiligi zerarly barreli üçin 139 dollara çenli ýokarlandy
08.03.22 - 10:49Duşenbe güni nebit barreli üçin 140 dollara çenli ýetip, 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine çykdy. Bu ýagdaý ABŞ-nyň Russiýanyň importyna gadaganlyk goýmak mümkinçiliginiň netijesinde ýüze çykdy, diýip Interfaks habar berýär.
Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary ýurduň Prezident saýlawlary üçin 2726 milli synçylary bellige aldy
05.03.22 - 11:20Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar ýurdumyzda 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlary boýunça milli synçylaryň jemi 2726-syny bellige aldy. BU barada MST-niň saýtynda habar berilýär.
Nebit gymmatlamagyny dowam edýär, Brent 117 dollardan ýokarda, WTI – 2011-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesinde
04.03.22 - 09:59Penşenbe güni nebitiň bahalary ýokarlanmagyny dowam etdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy
04.03.22 - 10:02Çarşenbe güni Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy.
Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň bilelikdäki mümkinçilikleri has giň gerimde ulanylyp bilner — Türkmenistanyň DIM-i
04.03.22 - 10:00Çarşenbe güni Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän syýasy geňeşmeler iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly öz işini dowam etdi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Ýewropada gazyň bahalary ýylyň başyndan bäri iň ýokary derejesine çykdy
03.03.22 - 09:37Çarşenbe güni gündiz Ýewropada gazyň spotlaýyn bajalary sişenbe güni söwdalaryň ýapylýan wagty bilen deňeşdirilende, 29% ýokarlandy diýip, Interfaks habar berýär.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy
03.03.22 - 09:40“Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän ýylyň bahar paslynyň ilkinji gününde nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna sowgat eden «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.
Ýurdumyzda Prezident saýlawlaryna uly gyzyklanma bildirilýär
01.03.22 - 17:54«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji aýlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre açyklyk, aýdyňlyk, demokratik we giň bäsdeşlik esasynda geçirilýär. Häzirki wagtda onuň birinji tapgyry — ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak tamamlandy.
Nebitgaz toplumynyň önümleri birža söwdalarynda öňdeligi eýeledi
02.03.22 - 08:42Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
GDA-nyň Synçylar wekilligi Türkmenistanda Prezident saýlawlaryna taýýarlyga syn etmek boýunça öz işine başlady
02.03.22 - 08:44Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar wekilligi öz işine başlady. Onuň agzalary Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlary bilen baglylykda, türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça paýtagtymyza geldi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.