«Hanhowuz» suw desgasynda
24.11.20 - 20:48«Türkmengaz» döwlet konserniniň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Marygazçykaryş» müdirliginiň gazçylary döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk toýuna hem-de hünär baýramçylygyna — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe gaz känlerinden «mawy ýangyç» çykarmak boýunça aýma-aý gazanýan zähmet üstünlikleri bilen barýarlar.
Aşraf Gani Owganystany dikeltmekde sebit hyzmatdaşlygynyň möhümligini belläp geçdi
26.11.20 - 19:04Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Owganystan boýunça Maslahatyň çäklerinde sebitleýin hyzmatdaşlyk boýunça ýokary derejeli duşuşygyň çäginde eden çykyşynda Owganystanyň hemmetaraplaýyn ösüş meselesinde sebitleýin hyzmatdaşlygyň aýratyn orna eýedigini belledi, diýip ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Abuna — 2021 Hormatly okyjylar!
17.11.20 - 20:40«Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasy 2021-nji ýylyň birinji ýarymy üçin gazete kagyz we elektron görnüşde abuna ýazylyşygynyň dowam edýändigini size habar berýär.
Türkmenistan bilen Owganystanyň hyzmatdaşlygy iri taslamalara esaslanýar — wise-premýer
26.11.20 - 19:0023-nji noýabrda Ženewada Owganystan Yslam Respublikasynyň we Finlýandiýa Respublikasynyň Hökümetleriniň başlyklyk etmeklerinde Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde geçirilýän Owganystan boýunça ýokary derejeli iki günlük maslahat öz işine başlady. Ol onlaýn görnüşinde geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Türkmenistanyň bilýard boýunça açyk çempionaty geçirildi
17.11.20 - 20:39Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesindäki sportuň oýun görnüşleri boýunça türgenleşik zalynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň bilýard boýunça açyk çempionaty geçirildi. 12—14-nji noýabr aralygynda «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan geçirilen ýaryşda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen türgenleriň onlarçasy ussatlygyny görkezdi.
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
23.11.20 - 15:27Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň ähmiýeti
17.11.20 - 20:37Milli Liderimiz ýurdumyzyň dürli pudaklaryna, şol sanda nebit we gaz pudagyna täze innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminamalar dolanyşygyna geçmek, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek, sanly aragatnaşyk babatda şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak wezipelerini öňe sürýär.
Hökümetara türkmen-koreý toparynyň nobatdaky mejlisi 23-nji noýabrda geçiriler
23.11.20 - 01:42Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly sekizinji mejlisi 23-nji noýabrda geçiriler.
Tebigy gaz bökdençsiz akdyrylýar
17.11.20 - 20:35«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän önümçilik edaralarynyň gazçylary şu ýylyň 10 aýynyň iş tabşyryklaryny netijeli jemlemek bilen, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyna hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününe sowgatly barýarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti we Kataryň Emiri ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
23.11.20 - 01:40Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Tamim Bin Hamad Al-Tani bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerini maslahatlaşdylar.
Nebitgaz toplumy: gazanylan netijeler
17.11.20 - 20:33«Türkmennebit» döwlet konserni uglewodorod çig malyny çykarmagyny artdyrýar: şu ýylyň on aýynda nebitiň 3 million 245 müň tonnadan gowragy çykaryldy. Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyklara laýyklykda ýataklary işläp taýýarlaýan daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň goşandyny nazara alanyňda, ýurdumyzyň ýer astyndan nebitiň we gaz kondensatynyň 8 million tonna golaýy gazylyp alyndy.
Prezident Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli halkara maslahatyny we sergisini geçirmegi tabşyrdy
23.11.20 - 01:37Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, laýyklykda, Aşgabat şäherinde 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti” atly halkara maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy.
2021-nji ýylda gepleşikler dowam etdiriler
17.11.20 - 20:31Energetika Hartiýasyna Şertnamany (EHŞ) döwrebaplaşdyrmak boýunça halkara gepleşikleriniň üçünji tapgyry tamamlandy, olar Brýusselde (Belgiýa) Energetika Hartiýasynyň Sekretariaty tarapyndan wideokonferensiýalar görnüşinde geçirilýär. Ozal habar berlişi ýaly, gepleşiklere EHŞ-niň agza ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň, şeýle hem Ýewropa Komissiýasynyň hem-de beýleki birnäçe halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.
Energetiki barlaglar boýunça Oksford instituty Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň geljegine ýokary baha berýär
20.11.20 - 15:01Gaz senagatynyň ösüşi, gaz bazarlary, gaz eksport akymlary hem-de ýurtda gazdan peýdalanmaklygyň beýleki usullary — bular türkmen nebitgaz toplumynda Energetiki barlaglar boýunça Oksford institutyny (OIES) gyzyklandyrýan esasy ugurlardyr, diýip OIES-iň wekili Julian Bouden beýan etdi. Bu barada Trend habar berýär.
Işeňňir işde belli
17.11.20 - 20:18Şu günler her bir zähmet adamy, zähmetkeşler köpçüligi ýetip gelýän uly baýramy — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny mynasyp derejede garşylamagy, bu beýik senäni zähmet ýeňişlerine beslemegi maksat edinýär.