Türkmenistan we Hytaý gaz pudagy üçin tehnikalary we enjamlary satyn almakda hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär
02.05.26 - 16:3429-njy aprelde Söwda-senagat edarasynda Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda nebit pudagynda tehnologik hyzmatdaşlyk berkidilýär
02.05.26 - 16:33Türkmen-hytaý işewürler forumynda çykyş eden «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Batyr Jumaýew nebitgaz pudagynyň ýurduň ykdysadyýetindäki we Hazar sebitindäki ähmiýetine ünsi çekdi.
Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler sergisi açyldy
29.04.26 - 13:1828-nji aprelde paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde, harytlaryň eksportyny artdyrmakda, hytaý kompaniýalary hem-de maýadarlary bilen işewürlik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde, daşary ýurt maýa goýumlaryny milli ykdysadyýetimize giňden çekmekde bu forumyň ähmiýeti örän uludyr.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we Malaýziýanyň ilçisi nebitgaz ulgamynda uly iş tejribelerini nygtadylar
29.04.26 - 11:5827-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddin bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasy habar berýär.
Sarpaňyz belentdir, mährem zenanlar!
28.04.26 - 09:05Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Ornuňyz tördedir, sarpaňyz belent, ýaşaýşa ýarandyr, mährem zenanlar» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ilkinji zenanlar guramalary tarapyndan guralan çärä degişli toplumyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän zenanlar, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň talyplary, mugallymlary gatnaşdylar.
Möhüm wakalara bagyşlandy
28.04.26 - 09:10«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Merkezi önümçilik barlaghanasynda «Şa gadamy düşen ýerler gülleýär» atly maslahat geçirildi. Oňa milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagynyň zähmetkeşleri gatnaşdylar.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtly we ýerli işewürler ýangyç-energetika toplumynyň önümlerini satyn aldylar
29.04.26 - 11:57Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.
“PETRONAS” we HNGU akademiki hyzmatdaşlygy berkitmegi meýilleşdirýärler
29.04.26 - 11:56Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde (HNGU) «PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň hem-de «PETRONAS» tehnologiýa uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda akademiki hyzmatdaşlygy berkitmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Seýdiniň NGIZ-niň önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak teklibini goldady
25.04.26 - 12:2824-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
“Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” XXXI halkara maslahatyna we sergisine gatnaşyjylary hasaba almak başlandy
25.04.26 - 12:302026-njy ýylyň 21–23-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» XXXI halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmak üçin hasaba alyş açyldy.
Türkmenistan we Azerbaýjan energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
23.04.26 - 20:5022-nji aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow bilen Azerbaýjanyň ýurdumyzdaky ilçisi Gismet Gýozalowyň arasynda geçirilen duşuşykda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy.
“Tatneft” KPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy buraw sorujylary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça bäsleşik yglan etdi
23.04.26 - 20:47«Tatneft» köpçülikleýin paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenistandaky şahamçasy F-800 buraw sorujylary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça bäsleşik yglan etdi. Bäsleşik teklipleri «Nebit-Gaz» gazetinde we «www.oilgas.gov.tm» saýtynda (Tenderler bölümi) resmi çap edilen gününden başlap, on iş gününiň dowamynda berilmelidir.
Guýularda netijeli abatlaýyş işleriniň geçirilmegi uglewodorodlaryň çykarylyşynyň artmagyny üpjün etdi
23.04.26 - 00:44«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynda işleýän düzüm bölümleri şu ýylyň birinji çärýeginde nebitgaz ýataklaryny özleşdirmekde we ulanmakda ýokary netijelilik görkezdiler.
HNGU-da Türkmenistan bilen HHR-iň strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary maslahatlaşyldy
23.04.26 - 00:45Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde türkmen-hytaý dostlugyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna bagyşlanan çykyşlar diňlenildi.
Zähmeti goramaklyga uly ähmiýet berilýär
21.04.26 - 09:05«Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutyndaky (YBTGI) «Türkmengeologiýa» DK-nyň Merkezi önümçilik barlaghanasynda (MÖB) Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan «Zähmeti goramak sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewidir» atly çäre geçirildi.