Türkmenistan Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklygy kabul etdi
17.11.25 - 17:13Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygynda başlyklygy kabul etmek bilen ähli tagallalary eder. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamdow Daşkentde Türkmenistanyň 2026-njy ýylda täze — “Merkezi Aziýa we Azerbaýjan” formatynda geçiriljek döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklygy kabul etmeginiň çäklerinde aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletlerini ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge çagyrdy
17.11.25 - 17:1216-njy noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Özbegistana bardy. Şol gün Daşkentde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitiň we tebigy gazyň gözlegine gönükdirilen işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy
15.11.25 - 10:5414-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistana döwlet saparyny amala aşyrar
16.11.25 - 18:52Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşar hem-de Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrar. Bu barada TDH habar berdi.
Durnukly ösüşiň we ekologiýa howpsuzlygynyň ýoly
14.11.25 - 12:26Energiýa netijeliligi — energiýany tygşytly we maksadalaýyk ulanmak, ýagny şol bir netijäni (ýaşaýyş rahatlygy, önüm öndürmek, hyzmat bermek we ş.m.) gazanmak üçin has az energiýa sarp etmekdir. Bu ulgamda üstünlik gazanmak diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, ekologiýa taýdan hem örän möhümdir.
AÖB ulag infrastrukturasyny ösdürmekde Türkmenistanyň tagallalaryny goldar
15.11.25 - 10:56Aşgabatda 12–14-nji noýabr aralygynda geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahatyň we serginiň çäklerinde Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrysýak türkmen döwlet we hususy düzümleri bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilişi barada gürrüň berdi diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
Türkmenistanyň ulag kompaniýasy Gündogar bilen Günbataryň arasynda ýükleri daşamakda hyzmatdaşlygyny giňeldýär
15.11.25 - 10:55Türkmentistanyň “Tylla Nal Logistics” ulag-logistika kompaniýasy Ýewropa, Russiýa we Ýakyn Gündogar ýurtlary boýunça ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeldip, Türkmenistanyň sebitdäki möhüm ulag-logistika merkezi hökmündäki ornuny berkidýär.
“Türkmentel – 2025” sergisinde türkmen dilinde gürleýän robotlar hödürlendi
15.11.25 - 10:30Aşgabatda «Türkmentel – 2025» halkara sergisinde «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti türkmen dilini goldaýan emeli aň (EI) esasynda işleýän robot tehnologiýalaryny hödürledi diýip, Turkmenportal habar berýär.
NOKIA Türkmenistanyň energetika ulgamy üçin tehnologiki çözgütlerini hödürledi
15.11.25 - 10:17Aşgabatda «Türkmentel – 2025» XVIII Halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň, şeýle hem «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahatyň we serginiň çäklerinde NOKIA kompaniýasynyň Hazar sebiti we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Ýewgeniý Balyçew türkmen hyzmatdaşlary, şol sanda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada gürrüň berdi diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Owganystan boýunça ÝB–Merkezi Aziýa dialogynyň 7-nji mejlisine gatnaşyjylar özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdylar
15.11.25 - 10:15Brýusselde Owganystan boýunça ÝB–Merkezi Aziýa dialogynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Foruma sebit ýurtlarynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşykda Türkmenistana Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky ilçisi S. Pälwanow wekilçilik etdi. Bu barada 13-nji noýabrda Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we AÖB-niň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
12.11.25 - 17:2211-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Masato Kandany kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Aşgabatda Türkmentel-2025 we ITTC-2025 forumlary geçirildi
15.11.25 - 10:22Aşgabatda 12-14-nji noýabrda «Türkmentel-2025» XVIII halkara sergisi we ylmy maslahaty, şeýle hem «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2025» atly halkara maslahaty we sergin geçirildi diýip, Turkmenportal habar berýär.
Birža söwdalarynda daşarky bazara awiakerosin, içerki bazara – polipropilen we binýatlyk ýag ýerlenildi
11.11.25 - 13:41Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
Geljegimizi ýagtylandyrýan «ýaşyl» energiýa
11.11.25 - 21:50Halkara tejribesinden belli bolşy ýaly, ýangyç we energiýa çeşmeleriniň tygşytly ulanylmagy hem-de bu meseläniň üstünlikli çözgüdi jemgyýetiň geljekki ösüşi bilen bir hatarda, daşky gurşawy — biosferany goramak üçin hem örän möhüm bolmagynda galýar. Bu ugurda geljegi uly hasaplanýan usullaryň biri hem adaty bolmadyk, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanyp, energiýa tygşytlaýjy täze tehnologiýalary ulanmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar.
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
11.11.25 - 13:408-nji noýabrda Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär.