Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşdy
23.09.25 - 21:3522-nji sentýabrda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli Baş Assambleýanyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady
24.09.25 - 10:19Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady.
Si Szinpin Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga taýýarlygyny nygtady
22.09.25 - 21:17Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap ýazan hatynda hytaý-türkmen gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga taýýarlygyny beýan etdi.
TDHÇMB-niň söwdalarynda Owganystandan işewürler suwuklandyrylan gaz we dizel ýangyjyny satyn aldylar
22.09.25 - 21:16Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin ABŞ-a geldi
22.09.25 - 21:1521-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna geldi. Nýu-Ýorkuň Jon F.Kennedi adyndaky Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan Merkezi Aziýada Koreýa Respublikasynyň esasy hyzmatdaşy bolup durýar - Li Çže Mýon
22.09.25 - 21:14Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlag hat iberdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanda ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplum gurlar
21.09.25 - 10:27Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplum gurlar.
Türkmenistanyň Prezidenti Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
21.09.25 - 10:2619-njy sentýabrda Aşgabatda Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.
Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
20.09.25 - 09:5419-njy sentýabrda Aşgabatda «Maslahat köşgünde» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Awazada Türkmenistanyň maýa goýum forumy – 2025 geçirildi
20.09.25 - 09:5318-19-njy sentýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy – 2025 geçirildi diýip, TDH habar berýär. Forumyň esasy maksady ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, göni maýa goýumlary çekmek we hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisinde nebitgaz toplumy giňden hödürlenildi
20.09.25 - 09:5218-nji sentýabrda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanyp Aşgabatda açylan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisinde milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklary, şol sanda nebitgaz pudagy giňden görkezilýär.
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde «ýaşyl» tehnologiýalaryň orny
19.09.25 - 15:17Daşky gurşawyň abadançylygy barada gürrüň açylanda, Durnukly ösüş maksatlary düşünjesi ilkinjileriň hatarynda ýadyňa düşýär. Durnukly ösüş maksatlary senagatyň ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Soňky onýyllyklarda bütin dünýäde önümçiligiň artmagy daşky gurşawyň abadançylygyna, howanyň, suwuň arassaçylygyna, biologik köpdürlülige, şol sanda adamlaryň saglygyna oňaýsyz täsirini ýetirýär.
Türkmenistan we «Daewoo Engineering & Construction Сo. Ltd» hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar - DIM
18.09.25 - 19:2917-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji wise-prezidenti Ço Syng-Il bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistanyň maýa goýum forumy ýurdumyzyň senagat mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe
18.09.25 - 19:36Prezident Serdar Berdimuhamedow 18-nji sentýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda öz işine başlan Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylary gutlady.
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçirilýär
20.09.25 - 09:5418-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy diýip, Türkmenistan halkara habarlar portaly habar berýär.