PHYF: Türkmenistan energetika we ulag ulgamlaryny GDA-nyň çäginde goşulyşmagyň ileri tutulýan ugurlary hasaplaýar
17.06.22 - 20:47Energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk GDA-nyň çäklerinde goşulyşmagyň strategiki ugurlary bolup biler. Bu barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeli Serdarow penşenbe güni Peterburgda geçýän Halkara ykdysady forumynda aýtdy. Muny Orient agentligi habar berýär.
Tähranda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekildi
16.06.22 - 21:16Geçen çarşenbe güni Eýranyň paýtagty Tähranda iki ýurduň Hökümet wekiliýetiniň gatnaşmagynda ýokary derejedäki türkmen-eýran gepleşikleri geçirildi. Mälim bolşy ýaly, 14-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen bu ýurda bardy. Gepleşikleriň barşynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy, ulag we energetika ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen meseleler gepleşikleriň özenini düzdi.
Türkiýe 2022-nji ýylda gazyň sarp edilişiniň artjagyna ynam bildirýär
16.06.22 - 21:17Türkiýe 2021-nji ýylda nobatdaky rekord görkezijä – 60 mlrd kub metre ýetenden soň, 2022-nji ýylda tebigy gazyň sarp edilişini artdyrar. Bu barada penşenbe güni Peterburg halkara ykdysady forumynyň barşynda Türkiýäniň energetika ministriniň orunbasary Alparslan Baýraktar belledi diýip, Interfaks habar berýär.
Aşgabat we Tähran özara söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmagy meýilleşdirýär
17.06.22 - 09:17Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bolmagy we iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň düýpli artmagynyň möhümligi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň Bilelikdäki Beýannamasynda bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýrana resmi sapary başlandy
15.06.22 - 16:40Sişenbe güni, 14-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Eýran Yslam Respublikasyna bardy. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň resmi duşuşygy geçirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanyna resmi sapar amala aşyrar
14.06.22 - 10:59Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyrjak resmi saparyna taýýarlyk görmek bilen bagly çäreler maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
ECO-93 kysymly awtobenzin TDHÇMB-niň söwdalarynda ö hatarda boldy
15.06.22 - 10:20Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.
«Türkmengaz» DK «Altavista F.Z.C» (BAE) kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
14.06.22 - 10:36«Türkmengaz» döwlet konsernine himiki serişdeleri, katalizatorlary we keramiki şarlary satyn almak barada Birleşen Arap Emirlikleriniň «Altavista F.Z.C» kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi. Degişli resminama Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.
Türkmenistan we Russiýa energetika hem-de ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňelder
14.06.22 - 10:37Türkmenistan we Russiýa energetika hem-de ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňelder diýlip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Moskwa resmi saparynyň barşynda gol çekilen Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnamada bellenilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada geçirilen türkmen-rus gepleşikleriniň netijelerine ýokary baha berdi
14.06.22 - 10:3810-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi sapar amala aşyrdy. Saparyň dowamynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.
Türkmenistan we Russiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda resminamalara gol çeker
11.06.22 - 09:12Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna ilkinji resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda resminamalara gol çekiler. Bu barada geçen penşenbe güni wise-premýer Şahym Abdrahmanowyň Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Aleksandr Nowak bilen geçiren gepleşiklerinde bellenildi diýip, Russiýanyň Hökümetiniň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary
11.06.22 - 09:1310-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary başlady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habalar agentligi habar berýär.
«Körpeje» müdirliginiň önümçilik görkezijileri artýar
10.06.22 - 09:57«Halkyň Arkadagly zamany» şygasy astynda geçýän ýylyň hasabat döwründe «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Körpeje» gaz çykaryş müdirligi boýunça hereket edýän guýulardan «mawy ýangyjyň» çykarylyşy 1 mlrd 52 mln kub metrden geçdi, önümçilik meýilnama 121,5% ýerine ýetirildi.
Merkezi Aziýa ýurtlary we Hytaý sebit hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagy meýilleşdirýärler
10.06.22 - 09:58Gazagystanyň Nur-Sultan şäherinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynda Daşary işler ministrleriniň Üçünji maslahaty tamamlandy. Onuň netijeleri boýunça sebit hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Nebit bazaryna «parabolalaýyn» hereket garaşýar, bahalar 150 dollara çenli çykyp biler — Trafigura-nyň ýolbaşçysy
10.06.22 - 09:59Nebitiň dünýä boýunça bahalary şu ýylda «parabolalaýyn» hereket edip, rekord derejede bahalara çenli ýokarlanyp biler we bütindünýä ykdysady ösüşi haýalladyp biler diýip, dünýäde iri garaşsyz nebit treýderleriniň biri bolan Trafigura-nyň ýolbaşçysy Jeremi Weýr hasaplaýar diýip, Interfaks habar berýär.