11 aýda Türkmenistanyň gazyň we nebit önümleriniň eksportyndan girdejileri 4 mlrd dollardan geçdi
27.12.20 - 18:43Türkmenistanyň tebigy gazyň we nebithimiýa önümleriniň eksportyndan alan girdejileri 2020-nji ýylyň 11 aýynda 4,13 mlrd amerikan dollaryndan geçdi. Geçen döwürde 8,7 mln tonna nebit we gaz kondensaty, şeýle hem 62,3 mlrd kub metr gaz çykaryldy. 31 mlrd kub metrden gowrak «mawy ýangyç» eksporta iberildi.
Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ykdysady taýdan amatlydyr
22.12.20 - 16:35Häzirki döwürde dünýäde energiýa durnuklylygynyň üpjün edilmegi gaýtadan dikeldilýän energiýa serişdeleriniň ösdürilmegi bilen berk baglanyşykly bolup durýar. Hut şonuň üçin-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda bu babatda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan işlere uly üns berilýär.
«Galkynyşnebit» müdirliginiň zähmet üstünlikleri
25.12.20 - 15:49Çeleken ýarymadasynyň geljegi uly ýerleri hünärmenleriň çaklamalaryna görä, özünde uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryny saklaýar. Bu ýerde uglewodorodlary çykarmak işini «Türkmennebit» DK-nyň «Galkynyşnebit» nebit we gaz çykarmak boýunça müdirliginiň hünärmenleri amala aşyrýarlar.
Jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň wezipeleri kesgitlenildi
22.12.20 - 16:33Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň işi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi.
JBIC ýapon banky Türkmenistanda täze iri taslamalary durmuş geçirmeklige gatnaşmaga taýýar
25.12.20 - 15:53Ýaponiýanyň maliýa düzümleri Türkmenistanda maýa goýum işjeňligini dowam etmäge gyzyklanma bildirýärler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça ýapon bankynyň baştutany Tadaşi Maeda bilen göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen duşuşygynda bellenildi, diýip ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Nebitgaz toplumy: polimerlere bolan isleg we maýa goýumlary artýar
22.12.20 - 16:31Wideoaragatnaşyk boýunça geçiren iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumyny ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça möhüm wezipeleriň birnäçesini kesgitledi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň energetika syýasatynyň baş maksady baý tebigy serişdelerimizi has netijeli peýdalanmak bilen nebitgaz toplumynyň durnukly ösüşini üpjün etmekde, milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny artdyrmak üçin önümçilik we ylmy-tehniki mümkinçilikleri giňeltmekde jemlenýär.
Türkmenistanyň DIM-i Owganystanyň Milli Yslam Hereketi partiýasynyň ýolbaşçysy bilen infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmegiň geljegini maslahatlaşdy
25.12.20 - 15:51Owgan tarapynyň başlangyjy esasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen Owganystanyň Milli Yslam Hereketi partiýasynyň ýolbaşçysy Marşal Abdul Raşid Dostumyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde türkmen-owgan ykdysady gatnaşyklarynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmenistan hyzmatdaşlygyň täze hilini üpjün etmek ugrunda çykyş edýär
22.12.20 - 16:29«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 18-nji dekabrynda bolan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň wideomaslahat görnüşinde geçirilen mejlisini ýylyň möhüm wakalarynyň hatarynda görkezmek bolar.
«Tatneft» Türkmenistanda goşmaça nebit önümçiligini ýene 770 müň tonna artdyrar
23.12.20 - 15:21Türkmenistanda «Türkmennebit» döwlet konserni bilen bilelikde durmuşa geçirilýän «Tatneft» APJ taslamasynyň giňeldilmegi goşmaça 770 müň tonna nebiti çykarmaga mümkinçilik berer. Bu barada Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow TASS agentligine interwýusynda habar berdi.
Birža söwdalarynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 22,9 million dollaryndan geçdi
21.12.20 - 22:42Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 119-sy hasaba alyndy.
Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli ykdysady ösüş strategiýasynyň wezipelerini durmuşa geçirmäge taýýar
21.12.20 - 22:43Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji dekabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň wideomaslahat görnüşinde geçirilen mejlisine gatnaşdy.
Russiýanyň zawodlary TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin önümleri möhletinden ibermegi başardylar
18.12.20 - 21:42OMK Çelýabinsk zawody (Russiýa) Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin «Türkmengaz» döwlet konsernine önümleri bellenilen möhletinden bir aý öň tabşyrmagy başardylar. Bu barada rus habar beriş serişdeleri habar berýärler.
Türkmenistan we ABŞ sebit taslamalaryny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy
18.12.20 - 21:44Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň jemleýji bölüminde sebit we halkara derejeli infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmekde türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
AÖB-niň wekilleri Türkmenistan bilen TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň meselelerini maslahatlaşdylar
18.12.20 - 21:41Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Aziýanyň ösüş bankynyň wekilleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde geçirilen duşuşykda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, diýip ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Seýdiniň NGIZ nebitiň gaýtadan işlenilişini 15% artdyrdy
18.12.20 - 14:402020-nji ýylyň başyndan bäri, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody (SNGIZ) 441,2 müň tonnadan gowrak çig maly gaýtadan işledi, şol bir wagtda önümçiligiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 114,8%-e deň boldy.