«Türkmennebit» Döwlet konserni

744036 Türkmenistan, Aşgabat ş.,

Arçabil şaýoly, 56

Telefon belgileri:

(993 12) 40 36 01

(993 12) 40 31 55

 

«Türkmennebit» Döwlet konserni — Türkmenistanyň nebit we gaz ýataklarynyň derňew we barlag işlerini amala aşyrmak, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça taktiki we strategiki meýilnamalarynyň toplumlaýyn çözgüdini durmuşa geçirmek bilen meşgullanýan Türkmenistanyň ägirt uly önümçilik-hojalyk toplumlarynyň biridir.

«Türkmennebit» Döwlet konserni nebiti, tebigy we ugurdaş gazy, gaz kondensatyny gazyp galmak, gözleg-barlag we ulanyşdaky guýulary burawlamak, nebitiň we gazyň turbageçirijiler arkaly akdyryljak ulag-üstaşyr ulgamyny döretmek, nebitgaz ýataklaryny enjamlaşdyrmak, gazkompressor beketlerini we bölüji ulgamlary gurmak, guýularyň toplumlaýyn hem-de  ýerasty bejergilerini geçirmek işlerine gönüden-göni ýa-da kömekçi hökmünde gatnaşýan onlarça kärhanalary öz içine alýar.

Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmekde, şonuň bilen birlikde hem ony dünýä çykarmakda bitiren ägirt uly hyzmatlary, şeýle hem önümleriniň ýokary hilliligi üçin «Türkmennebit» DK « Halkara Altyn Globus» (1994, London) we «Halkara Platina Ýyldyzy» (1999, Madrid) ýaly halkara baýraklaryna mynasyp boldy.

«Türkmennebit» DK tarapyndan gazylyp alynýan nebitiň we gazyň möçberi:

- Goturdepe, Barsagelmez, Nebitdag, Günorta Gamyşlyja, Körpeje, Akpatlawuk, Keýmir, Gündogar Çeleken, ýakynda işe girizilen — Çekişler, Ýylakly, gaýtadan ulanyşa girizilen — Altyguýy we Mydar ýaly ýataklarda mundan beýläk hem buraw işlerini işjeňleşdirmekligiň;

- ulanylman ýatan nebit guýularyny ulanyşa girizmekligiň;

- guýulara toplumlaýyn bejergi bermegiň;

- guýularyň ýerasty bejergileriniň;

- nebit ýataklarynda nebiti gazyp almagyň mehanizirlenen usullaryndan peýdalanmagyň hem-de wintli we ežektorly sorujylary önümçilige ornaşdyrmagyň;

- guýularda gazy almagyň ýokary basyşly usullaryndan peýdalanmagyň;

- plastlaryň nebit gaýtaryjylygyny ýokarlandyrmak üçin gazyp almagyň intensiw usullaryndan peýdalanmagyň — hasabyna artdyrylýar.


2014