«Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasy

744036, Türkmenistan, Aşgabat ş.,

Arçabil şaýoly, 56.

Telefon belgileri:   (933 12)  40 34 01

(933 12)  40 34 09

 

«Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasy ýurduň geologiýa-barlag işlerini geçirmek ulgamynda esasy döwlet edarasy bolmak bilen, Türlmenistanyň nebitgaz ýataklaryny toplumlaýyn öwrenmek, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ählisiniň ýataklaryny ýüze çykarmak we öwrenmek bilen meşgullanýar.

Şu maksat bilen geologiýa-barlag işleriniň dürli görnüşleri, şol sanda çuňlaşdyrylan barlag burawy, meýdan şertlerinde geofiziki barlaglar, geologo-geofiziki materiallaryň işlenip taýýarlanylyşy  hem-de interpritasiýasy, mehaniki kolonkaly buraw, geologiki, gidrogeologiki we geoekologiki surata düşürmek, inžener-geologiki barlaglar, dag magdanlarynyň, nusgalarynyň tejribehanalardaky barlagy, Türkmenistanyň geologiki gurluşy hem-de gazylyp alynýan peýdaly magdanlary hakynda maglumatlary toplamak we saklamak, şeýle hem Türkmenistanyň ýerasty baýlyklarynyň gurluşyny öwrenmeklige gönükdirilen işleri hasaba almak ýaly işler geçirilýär.

2014