Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy

Türkmenistan, Türkmenbaşy ş., TNGIZT

Telefon belgisi: (8 00 243) 96 2 00

 

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň nebiti gaýtadan işleýän senagatynyň öňbaşçysydyr. Bu toplum — ägirt uly mümkinçiliklere hem-de baý önümçilik däplerine eýe bolan iň häzirki zaman kärhanadyr. Bu günki günde ýurtda öndürilýän senagat önümleriniň dörtden bir bölegi toplumyň paýyna düşýär.

Bu gün TNGIZT ýurdumyzyň esasy eksport potensialyny düzýän etilirlenmedik awtobenzinler, awiasion we tehniki kerosin, reaktiw we dizel ýangyçlary, mazut, çalgy ýaglary, polipropilen, ýeňil gazoýl, nebit koksy, suwuklandyrylan gaz, gurluşyk we ýol bitumy we başga-da köpsanly nebithimiýa önümlerini öndürýär.

TNGIZT öndürýän önümleriniň ýokary hilliliginiň halkara derejesinde ykrar edilmegi daşary ýurt hyzmatdaşlarynyň bu topluma bolan gyzyklanmasyny has hem artdyrýar. Toplum «Altyn globus» (Amsterdam, Niderlandlar, 1995), «Astekleriň ýyldyzy» (Mehiko, Meksika, 1997), «Hil üçin halkara altyn ýyldyzy» (Ženewa, Şweýsariýa, 1999), iň gowy söwda markasy üçin — «Täze müňýyllygyň sowgady» (Pariž, Fransiýa, 2001), söwdanyň öňdebaryjylary üçin halkara klublarynyň hormatly diplomy — «Tehnologiýa we hil üçin täze müňýyllygyň sowgady» (Ženewa, Şweýsariýa, 2001), Hil üçin Halkara sowgat (Nýu-Ýork, ABŞ, 2002), «Hil üçin alty ýyldyz» (Ženewa, Şweýsariýa, 2002) ýaly halkara baýraklaryna eýe boldy. Fransiýada gowşurylan «Hil üçin täze müňçyllygyň sowgady» halkara baýragy toplumyň halkara baýraklarynyň sanawynyň üstüni ýetirdi.

Kärhana taýýar önümlerini ýüklemek işlerini häzirki zaman ýerüsti we deňiz terminallarynyň üsti bilen amala aşyrýar.

2014