15f3440cb43124.png
DÜNÝÄNIŇ NEBITGAZ IŞEWÜRLERI TÜRKMENISTAN BILEN HYZMATDAŞLYGA ULY GYZYKLANMA BILDIRÝÄRLER
26.08.20 - 11:40

Şu günler ýurdumyzyň ähli sebitlerinde we onuň çäklerinden alysda 2020-nji ýylda bellenilýän şanly waka — ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli dürli dabaralar geçirilýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen möhüm wezipeleri çözmäge mümkinçilik berýär.


15f343f6167f56.png
TAGALLALY ZÄHMETIŇ NETIJESI
26.08.20 - 11:35

«Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalary nebitgazly ýataklary senagat taýdan işläp taýýarlamakda, uglewodorod çig mallarynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmakda uly işleri amala aşyrýarlar. Konsern boýunça şu ýylyň ilkinji aýynda meýilnama goşmaça 2 müň 310 tonna barabar «gara altynyň» çykarylmagy, 1 müň 72 metre barabar çuňlugyň artyk burawlanmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.


15f343c6eac397.png
TÄZE SEPGITLERE YNAMLY BADALGA
26.08.20 - 11:30

Amatly geoykdysady ýagdaýa eýe bolan Garaşsyz Diýarymyzda esasy uglewodorod serişdeleri bolan nebitdir gazy çykarmak, olary gaýtadan işläp, ýokary hilli harytlyk görnüşine getirmek, önümçilige häzirki zaman tilsimatlaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ulgamyň kärhanalaryny tehniki taýdan pugta enjamlaşdyrmak, täze ýangyç geçirijilerini gurmak,


15f343b9f24619.png
GADAMLARY BATLY GAZ AKDYRYJYLAR
26.08.20 - 11:25

Milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagy «Türkmengaz» döwlet konserniniň edara-kärhanalarynda işleriň ýokary depginde we sazlaşykly bolmagynda möhüm ähmiýete eýe hasaplanýan iri düzümleriň biri-de «Türkmengazakdyryş» birleşigidir. Birleşigiň esasy wezipesi tebigy gaz çykaryjy kärhanalardan alynýan «mawy ýangyjy» ýokary basyşly gaz geçirijiler arkaly ähli welaýatlarymyza we Aşgabat şäherine akdyrmakdan ybarat. Bu işler, ýagny ilaty, edara-kärhanalary,


15f343abe19621.png
ARKALAŞYKLY IŞ NETIJE BERÝÄR
26.08.20 - 08:19

Hormatly Prezidentimiziň daşary döwletlerden tapgyrlaýyn satyn alyp berýän döwrebap ulaglarynyň hasabyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ulaglar müdirliginiň tehniki binýady yzygiderli täzelenilýär. Dürli kysymly ýük hem-de ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň, ýokary iş öndürijilikli, kuwwatly traktorlaryň uly toplumyny özüne birleşdirmegi kärhananyň hünärmenlerine, sürüjilerine işleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna laýyk, täzeçe guramaklyga ýardam berýär.


15f34362004c00.png
TÄZE GUÝY ÖNÜM BERDI
26.08.20 - 08:20

Balkan welaýatynyň çägindäki Uzynada meýdançasynda burawlanan 8-nji gözleg guýusyndan 7 müň metre golaý çuňluga aralaşylyp, tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Bu möhüm işi «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Türkmennebitgazgözleg» trestiniň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň baýlyk agtaryjylary üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şeýle jogapkärli sargydy buraw desgasynyň başlygy Halmyrat Rozyýewiň ýolbaşçylygyndaky burawlaýjylar toparynyň agzalary abraý bilen berjaý etdiler.


15f34359942326.png
NEBITÇILERIŇ ZÄHMET ÜSTÜNLIKLERI
26.08.20 - 04:26

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz döwlet derejesindäki geçirýän mejlislerinde, maslahatlarynda edýän maksatnamalaýyn çykyşlarynda, kabul edýän Kararlarydyr çözgütlerinde ýangyç-energetika ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi, şonuň bilen birlikde-de, gazylyp alynýan tebigy baýlyklary gözläp tapmagy we çykarmagy,


KÄRHANANYŇ TÄZE BINASY
26.08.20 - 08:24

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň çäginde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Baýramaly nebit önümleri kärhanasynyň täze, döwrebap binasy ulanylmaga berildi. Ol müdirligiň Hojalyk hasaplaşygyndaky abatlaýyş-gurluşyk müdirliginiň Mary welaýat bölüminiň gurluşykçylary tarapyndan ýokary hil derejesinde guruldy.


15f33d13f3646e.png
TÄZE ÖNÜMLER ÖNÜMÇILIGE ORNAŞDYRYLÝAR
26.08.20 - 09:51

«Daşoguznebitgazgurluşyk» trestiniň gurluşyk-gurnama düzümleriniň işçi-hünärmenleri «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýip atlandyrylan şu ýylyň ilkinji aýyny ýokary zähmet netijelerine besleýärler. Bu trestiň ussat gurluşykçylary welaýatyň çäginde dürli maksatly binalary gurmak, nebitgaz pudagyna degişli edara-kärhanalar tarapyndan bina edilýän ymaratlara, täze gurulýan gaz geçirijilere zerur bolan demirbeton önümlerini öndürmek bilen bir hatarda,


15f33d0d091d5e.png
ÝOKARY NETIJELER GAZANYLÝAR
26.08.20 - 09:47

Hormatly döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň 19-njy noýabrynda ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda ýangyç-energetika pudagyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek,


15f33cf582674b.png
TÜRKMEN NEBITÇILERINIŇ INNOWASION ÜSTÜNLIKLERI
26.08.20 - 10:36

Türkmen nebitçileri «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, pudagyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmakda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we yzygiderli syýasaty bilen baglanyşykly döwrebap talaplardan ugur alyp, senagat derejesindäki täze nebit gorlaryny gözläp tapmak, önümli gatlaklaryň hem-de känleriň üstüni açmak,


15f33cdc42c6fc.png
NAÝYPDAKY NETIJELI IŞLER
26.08.20 - 09:12

Türkmen topragynyň astynda bol gorlary bolan uglewodorod serişdeleri ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginde, ilatymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagynda möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz bu uly baýlygy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä döwletlerinde abadançylygy, asuda ýaşaýşy berkarar etmegiň hyzmatynda goýýar.


15f33ccf9bb37b.png
SUW DESGASYNYÒ HYZMATY
26.08.20 - 09:06

Gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käniniň ulanyş guýularyndan tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmakda, çykarylýan gazy düzümindäki kükürtden arassalamakda, ony harytlyk görnüşine ýetirmekde bu ýerdäki baş desgalar bilen birlikde kömekçi ulgamyň kärhanalarynyň hem uly hyzmatynyň bardygyny aýtmak gerek. «Marygazakdyryş» müdirliginiň Durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň suw, bug üpjünçilik sehiniň «Galkynyş» suw arassalaýjy desgalar toplumy hem şeýle kärhanalaryň biridir.


15f33cb90e65e3.png
TÜRKMENISTANYŇ NEBITGAZ PUDAGY — YKDYSADY ÖSÜŞIŇ DAÝANJY
26.08.20 - 09:04

Energiýa serişdeleri ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde uly orna eýedir we Ýeriň jümmüşindäki üsti açylan, çaklanylýan baý nebit we gazyň gor serişdeler binýady onuň geljeginiň esasyny emele getirýär. Şonuň bilen baglylykda, bu baýlyklardan ýerlikli peýdalanmagy üpjün etmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar.


15f3386f872fef.png
YGTYBARLY ÜPJÜN EDILÝÄR
26.08.20 - 08:56

Häzirki zaman dünýäsiniň ösüşlerini ykdysadyýetiň nebitgaz toplumyndan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz bolsa bu gün dünýäniň ýangyç-energetika babatynda öňdebaryjy döwletleriniň hatarynda tanalýar. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Türkmennebitönümleri» baş müdirligi tarapyndan içerki bazary nebit önümleri we harytlyk ýaglar bilen ygtybarly üpjün etmekde göreldeli işler bitirilýär.