TDHÇMB-niň söwdalarynda «Türkmennebit» DK-nyň önümleri uly islegden peýdalandy
14.03.23 - 15:48Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.
Prezident iri desgalaryň gurluşygynyň hiline we möhletlerine gözegçilik etmegi Hökümet agzalaryna tabşyrdy
14.03.23 - 15:50Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylda degişli iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlanmagyna we ulanmaga tabşyrylmagyna, degişlilikde, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlerine gözegçilik etmegi tabşyrýan Buýruga gol çekdi.
Prezident: Dubaýda geçiriljek roud-şou Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna maýa goýumlaryny çekmekde möhüm ähmiýete eýedir
13.03.23 - 18:16Prezident Serdar Berdimuhamedow Dubaýda geçiriljek roud-şouwyň Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Türkmenistanda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan ikinji utgaşykly elektrik stansiýasy gurlar
13.03.23 - 19:26Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň çäginde kuwwatlylygy 1 müň 574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyny gurmak baradaky teklibi makullady. Bu barada teklibi geçen anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow döwlet Baştutanyna ýetirdi.
Türkmen telekeçileriniň önümi bolan «GM OIL» motor ýaglary bazara çykýar
10.03.23 - 17:55Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän «Geljege Miras» hususy kärhanasy ýeňil we ýük awtoulaglary üçin motor ýaglarynyň önümçiligini özleşdirdi we eýýäm bu önümiň ilkinji tapgyrlaryny daşary ýurtlara iberdi.
Birža söwdalarynda ýangyjyň dürli görnüşleri ýokary islegden peýdalanýar
10.03.23 - 17:56Şu hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet-haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 28,4 mln dollar we 32,6 million türkmen manadyna barabar bolan 29 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär. Geleşikleriň umumy bahasynyň agramly bölegi ýangyjyň dürli görnüşlerine harçlandy.
Türkmenistanda köp çagaly eneleri sylaglamak dabaralary geçirildi
09.03.23 - 15:03Türkmenistanda 8-nji mart — Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly eneleri sylaglamak dabaralary geçirildi.
Owganystan TOPH gaz geçirijisi boýunça işlere başlamaga taýýar — HBS
09.03.23 - 19:37Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça işleri başlamaga taýýarlygy barada Owganystanyň şahtalar we nebit ministrligi habar berdi diýip, BaaghiTV pakistan agentligi ýetirýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda «Türkmennebit» we «Türkmengaz» DK-nyň önümleri ýerlenildi
07.03.23 - 15:50Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Aşgabat we Daşkent ulag, nebitgaz we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmegi meýilleşdirýär
07.03.23 - 15:50Duşenbe güni Aşgabatda geçirilen Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň 17-nji mejlisinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Nebitgaz toplumynda şu ýylyň iki aýynyň jemlerine garaldy
06.03.23 - 15:38Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 3-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% derejesinde saklanýar
06.03.23 - 15:26Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini ýylyň ilkinji iki aýynda 6,2% derejesinde saklanýar. Munuň özi ýurdumyzyň depginli ösüşine şaýatlyk edýär. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýynyň jemlerine bagyşlap geçiren Hökümet mejlisinde belledi.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň ýanwar-fewral boýunça jemleri jemlenildi
06.03.23 - 15:27Geçen anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň iki aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň işiniň jemleri jemlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Goşulyşmazlyk Hereketini energetika howpsuzlygynyň ählumumy ulgamyna emele getirmäge çagyrdy
03.03.23 - 15:54Energetika howpsuzlygynyň ählumumy ulgamyny döretmäge goşulyşmaýan döwletleriň işjeň gatnaşmagy ägirt uly ähmiýete eýe bolýar. Bu bolsa adalatly we aýdyň ýörelgelere, energiýa çeşmelerine, olary eltmegiň serişdelerine deňhukukly elýeterlilige esaslanýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitinde eden çykyşynda belledi.
Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Bakuda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdylar
03.03.23 - 19:04Penşenbe güni Bakuda Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitiniň plenar mejlisi tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow özbek kärdeşi Şawkat Mirziýoýew bilen gysga duşuşyk geçirdi.