Maslahat geçirildi
07.10.25 - 09:15Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda «Bitarap Türkmenistanyň başlangyçlary — ählumumy abadançylygyň bähbidine» atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen maslahata «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaşyl» bilim — durnukly ösüşiň binýady
07.10.25 - 09:10«Ýaşyl» bilim ýa-da durnukly ösüşiň bähbitlerini göz öňünde tutýan bilim adamlarda, esasan-da, ýaş nesillerde durnukly jemgyýeti gurmak hem-de abadan daşky gurşawy geljekki nesillere ýetirmek üçin zerur bolan bilimleri, başarnyklary, endikleri, gymmatlyklary we özüňi alyp barmagyň nusgalaryny kemala getirmeklige toplumlaýyn çemeleşmekligi maksat edinýär.
Ylmy-amaly maslahat
07.10.25 - 09:05«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) «Garaşsyzlyk ýyllarynda nebitgaz pudagynda ylmy-barlag işleriniň orny» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. YBTGI-niň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan geçirilen maslahata pudagyň ylmy işgärleri, ýaş hünärmenler gatnaşdylar.
Nebitgaz toplumynda dokuz aýyň jemlerine garaldy
04.10.25 - 14:144-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň 9 aýynyň netijeleri jemlenildi
04.10.25 - 12:193-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi diýip, TDH habar berýär.
“Çalık Enerji” kompaniýasy “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2025” XXX halkara maslahatynyň we sergisiniň platina hemaýatkäri boldy
04.10.25 - 12:20“Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2025” (OGT 2025) atly XXX halkara maslahatynyň we sergisiniň Guramaçylyk topary bu möhüm çäräniň platina hemaýatkäri hökmünde “Çalık Enerji” kompaniýasyny yglan etdi. Bu çäre 2025-nji ýylyň 22–24-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda geçiriler.
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge ynam bildirdi
04.10.25 - 12:18Prezident Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere, Federal Kansleri Fridrih Merse we ýurduň ähli halkyna German bitewüliginiň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, 3-nji oktýabrda TDH habar berýär.
Ýurdumyzdaky özgertmelerde zenanlaryň möhüm orny bar
03.10.25 - 15:00Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda «Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ilkinji zenanlar guramalary tarapyndan geçirilen çärä degişli toplumyň önümçiliklerinden zenanlar gatnaşdylar. Maslahatda nebitgaz senagatynyň, bilim, saglygy goraýyş, hukuk ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy AÖB-niň hemişelik wekilhanasynyň direktory bilen hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy
03.10.25 - 11:33Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrisýak bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
OGT 2025: ählumumy energetika dialogyna 30 ýyl
03.10.25 - 11:37«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» 30-njy halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri barha giň gerim alýar. Çäreler 2025-nji ýylyň 22–24-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler. Maslahatyň guramaçylary bolup — «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy hem-de «Türkmen Energetika Forumy» hyzmatdaşlykda çykyş edýär.
Türkmenistan Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen strategik hyzmatdaşlyk üçin gapylaryny açýar
03.10.25 - 11:3530-31-nji oktýabrda Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri işewürlik çäresi geçiriler. Onuň esasy maksady Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň hem-de dünýäniň beýleki döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we söwda-ykdysady gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak bolup durýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmeklige ynam bildirdi
01.10.25 - 13:35Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana, şeýle hem ýurduň dostlukly halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH 1-nji oktýabrda habar berdi.
Energetika meselesi Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-wenger toparynyň üns merkezinde boldy
02.10.25 - 12:1729–30-njy sentýabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň altynjy mejlisi geçirildi. Wengriýanyň wekiliýetine Daşary işler we söwda ministrliginiň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça döwlet sekretary Boglarka Illeş ýolbaşçylyk etdi.
Budapeşt Türkmenistany energetika ulgamynda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görýär
02.10.25 - 12:18Wengriýanyň Gündogar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça Döwlet sekretarynyň orunbasary Adam Ştifter Türkmenistanyň energetika pudagynda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görülýändigini aýtdy. Bu barada ol Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisinden soň çykyşynda aýtdy.
Türkmenistan GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy
01.10.25 - 12:1929-njy sentýabrda Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.