TDHÇMB-niň söwdalarynda Owganystandan telekeçiler suwuklandyrylan gaz satyn aldylar
12.08.25 - 11:51Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
«Ýaşyl» energiýa taslamasy döwrüň möhüm meselelerini çözmäge ukyplydyr
12.08.25 - 09:20Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini özleşdirmek we peýdalanmak şu günüň esasy meseleleriniň birine öwrüldi. Ýurdumyzda hem alternatiw energiýa çeşmelerini peýdalanmaklyga uly üns berlip başlandy.
Şadyýan-bagtyýar, bagtly çagalar
12.08.25 - 09:15Şeýle at bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň Gökdere jülgesindäki «Nesil», «Şöhle» çagalar dynç alyş merkezlerinde Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, «Türkmengaz» DK-nyň «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirligi, Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi jemgyýetçilik guramasy tarapyndan medeni, sport, döredijilik çäreleri geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz we Azerbaýjanyň Prezidenti hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
11.08.25 - 18:2610-njy awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Özbegistanyň Prezidenti BMG-niň Awazadaky maslahatynyň netijelerine ýokary baha berdi
11.08.25 - 18:25Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Prezident Serdar Berdimuhamedowy Türkmenbaşy şäherindäki “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ýokary derejede geçirilmegi bilen gutlady. Bu barada özbek Lideriniň iberen minnetdarlyk hatynda aýdylýar.
Awaza syýasy Jarnamasynyň kabul edilmegi – halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädim
10.08.25 - 14:19Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji mejlisinde Awaza syýasy Jarnamasy biragyzdan kabul edildi. Ol 2024-2034-nji ýyllar üçin durnukly hem inklýuziw ösüşe gönükdirilendir dirip, Türkmenistan HHP habar berýär.
Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji plenar mejlisi geçirildi
10.08.25 - 14:188-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji plenar mejlisi geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
09.08.25 - 12:117-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasary Jon Mark Pommerşaýmyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
“Awazada” Türkmenistanyň DIM-niň we ÝB-niň wekilleri ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
09.08.25 - 12:137-nji awgustda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stipraýsyň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýeti bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Hazarýaka döwletleri Hazar meselesini çözmek boýunça bilelikdäki tagallalary ylalaşdylar
07.08.25 - 19:44«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen tarapynyň guramagynda Hazarýaka döwletleriniň wekilleriniň ýygnagy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.
Türkmenistan we Afrika döwletleri energetika, senagat we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkinçilikleri bellediler
07.08.25 - 19:436-njy awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Afrika döwletleriniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we Ermenistanyň Prezidentleri döwletara hyzmatdaşlygyň ösüşini maslahatlaşdylar
07.08.25 - 19:416-njy awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow Awazada birnäçe döwletleriň Baştutanlary we wekiliýet ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi
06.08.25 - 17:525-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awazada geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde daşary ýurtlaryň Baştutanlary we wekiliýet agzalary bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Prezident: Türkmenistan energetika pudagynda ekologiýa düzüjisine aýratyn ähmiýet berýär
07.08.25 - 19:425-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň açylyşy we birinji plenar mejlisi geçirildi.
Awazada Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gabatlanan çäre geçirildi
06.08.25 - 17:525-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gabatlanan çäre geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.