Türkmenistanyň Prezidenti täze Bitaraplyk şäherçesiniň açylmagy bilen gutlady
11.09.25 - 22:04Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara gutlag iberdi diýip, TDH habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Täjigistan bilen hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmaga taýýar
11.09.25 - 13:16Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Maýa goýum forumy 2025-e gatnaşyjylary hasaba almaklyk tamamlanýar
11.09.25 - 13:1410-njy sentýabrda Türkmenistanyň Maýa goýum forumy – 2025-e gatnaşyjylary hasaba almagyň soňky güni boldy. Forum 18–19-njy sentýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz, içerki bazara polipropilen we binýatlyk ýag ýerlenildi
09.09.25 - 17:47Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.
Türkmenistanda çüýşe önümlerini öndürýän täze önümhana işe girizildi
09.09.25 - 17:468-nji sentýabrda Aşgabadyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 100 tonna çüýşe önümlerini öndürýän täze önümhana açyldy. Açylyş dabarasyna Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Duşuşyk geçirildi
09.09.25 - 09:05«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda nebitgaz toplumynyň işgärleri bilen duşuşyk geçirildi. Oňa nebitgaz toplumynyň önümçilikleriniň zähmet köpçüligi gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklady
08.09.25 - 13:14Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyny, şeýle hem bu Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklaýan Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň Prezidenti JBIC bankynyň wekili bilen hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
08.09.25 - 13:155-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) başlygynyň orunbasary Kadzuhiko Amakawany kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde «ýaşyl» energetikanyň ähmiýeti
09.09.25 - 09:10Häzirki döwürde energiýa çeşmeleri durmuş-ykdysady ösüşe ýardam bermek bilen birlikde, daşky gurşawyň abadançylygyna-da güýçli täsir edýän şertleriň biridir.
Türkmenistanyň Prezidenti Seýdiniň NGIZ-niň degişli desgasyny döwrebaplaşdyrmak teklibini goldady
06.09.25 - 21:285-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Halkara gaz bileleşiginiň prezidenti OGT 2025 forumyna gatnaşar
05.09.25 - 16:35Halkara gaz bileleşiginiň (IGU) prezidenti Anderea Steger şu ýyl geçiriljek «Türkmenistanyň nebit we gazy – OGT 2025» atly forumda esasy çykyş ediji hökmünde gatnaşjakdygyny tassyklady. Bu barada çäräniň guramaçylary habar berdiler.
Türkmenistan ýertitremeden ejir çeken owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini iberer
05.09.25 - 16:34Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýertitremeden ejir çeken owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermek hakynda Buýruga gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň ilçisi Italiýanyň DIM-nde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça ädimleri maslahatlaşdy
05.09.25 - 16:33Italiýayň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi T.Kömekowyň Italiýanyň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary E.Çiriýelli bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada 4-nji sentýabrda Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Bioenergetika — Türkmenistan üçin täze energiýa çeşmesi
04.09.25 - 11:56Häzirki zaman dünýäsinde «ýaşyl» tehnologiýalaryň we galyndysyz önümçilik konsepsiýasynyň has gymmatly bolýan döwründe bioenergetika birinji oruna çykýar. Bioenergetika — organiki galyndylardan energiýany öndürmek usuly. Bu diňe bir özüni elektrik energiýa we ýylylyk bilen üpjün etmegiň usuly bolman, eýsem, ozal «zibil» bolan zady Türkmenistanyň gülläp ösýän geljegi üçin gymmatly çeşmä öwürmek bilen daşky gurşaw meseleleriniň täsirli çözgüdidir.
Türkmenistanyň Prezidentiniň HHR-e iş sapary tamamlandy
04.09.25 - 11:573-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Pekinde geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.