Serdar Berdimuhamedow Awazada birnäçe döwletleriň Baştutanlary we wekiliýet ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi
06.08.25 - 17:525-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awazada geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde daşary ýurtlaryň Baştutanlary we wekiliýet agzalary bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Awazada Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gabatlanan çäre geçirildi
06.08.25 - 17:525-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gabatlanan çäre geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistan we MAGATE 2029-njy ýyla çenli ýurt boýunça çarçuwaly maksatnama gol çekmegi meýilleşdirýär
06.08.25 - 17:514-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (MAGATE) Baş direktorynyň orunbasary Lýu Huanyň arasynda geçirilen duşuşykda hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenildi. Duşuşyk «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň «Berkarar» myhmanhanasynda geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti we BMG-niň Baş sekretary deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň durnukly ösüşi üçin hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
06.08.25 - 17:504-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. Forum 5-8-nji awgust aralygynda geçirilýär diýip, TDH habar berýär.
Awazada BMG-niň üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli dabara geçirildi
06.08.25 - 17:545-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli dabara geçirildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan — kuwwatly energetika döwleti
05.08.25 - 04:05Jemgyýetimizde sarp ediş bazary üçin düşewüntli, arzan, amatly we döwrebap bolan senagat pudaklaryna, durmuş-medeni ulgamlara, halk hojalygynyň önümçilik medeniýetine gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatly binýady çalt ornaşýar.
“Awazada” BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäreleri badalga aldy
04.08.25 - 15:053-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Birža söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz iberildi
04.08.25 - 15:05Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
BMG-niň Baş sekretary halkara maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi
04.08.25 - 15:043-nji awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Hazaryň kenarynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza geldi diýip, TDH habar berýär.
Hyzmatdaşlyk arkaly ösüş Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň esasy mazmunyny kesgitlär
01.08.25 - 14:51Ýene sanlyja günden Türkmenistan BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny — dürli yklymlarda ýerleşýän 32 döwletde ýaşaýan 570 milliondan gowrak adamyň durmuşyndaky özgertmeler bilen baglanyşykly dünýä ähmiýetli çäräni kabul eder.
Osakadaky EXPO-2025 sergisindäki Türkmenistanyň pawilýonyna baryp görenleriň sany bir milliondan geçdi
31.07.25 - 16:37Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän EXPO‑2025 Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýony bir milliondan gowrak myhmany kabul etdi. Bu barada ORIENT agentligi serginiň guramaçylaryna salgylanyp habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Awazada BMG-niň maslahatyna taýýarlyk işleri bilen tanyşdy
31.07.25 - 07:1930-njy iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen bagly ýerine ýetirilen işler bilen tanyşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistan we Azerbaýjan ileri tutulýan ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmekligi ylalaşdylar
31.07.25 - 07:2028-nji iýulda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 8-nji mejlisiniň jemleri boýunça gol çekilen Teswirnamada söwda-ykdysady, energetika, ulag, oba hojalygy we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegi göz öňünde tutýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Seýdiniň NGIZ ýylyň birinji ýarymynda nebitiň gaýtadan işlenilmegini 22% artdyrdy
29.07.25 - 10:13Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işgärleri 2025-nji ýylyň ilkinji alty aýynyň netijeleri boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende uly önümçilik üstünliklerine ýetdiler. Hususan-da, kärhanada 270 müň tonna nebit gaýtadan işlenip, bu görkeziji geçen ýylyň ýanwar-iýun aýlaryna garanyňda, 22% ýokary boldy diýip, ussatnews.com saýty habar berýär.
Guýularyň gaýtadan dikeldilmegi meýilnamadan 81 müň tonna artyk nebit almaga mümkinçilik berdi
29.07.25 - 10:15«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň bölümleri 2025-nji ýylyň başyndan bäri Goturdepe, Barsagelmez we Gamyşlyja ýataklarynda guýularyň düýpli bejergisi arkaly goşmaça 81 müň 830 tonna nebit öndürmegi üpjün etdiler diýip, Orient agentligi habar berýär.