Täze desga işe girizildi
02.06.26 - 09:10Ýakynda Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän Uzynada baýlyklar käninde gazdan nebit kondensatly garyndyny saýlaýjy we akdyryjy desga gurlup işe girizildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramçylygynyň dabaraly belleniljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şatlykly wakalarynyň üstüni ýetiren bu täze desgany «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň buýurmasy esasynda «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Ýöritegurluşykgurnama» müdirliginiň gurluşykçylary bina etdiler.
Hünär kämilligini ele alýarlar
02.06.26 - 09:05«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň binasynda mundan iki ýyla golaý wagt ozal konserniň okuw merkeziniň Mary welaýaty boýunça okuw bölümçesi açyldy.
Guýulary abatlaýjylaryň zähmet üstünlikleri
27.05.26 - 09:05Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny täze belentliklere götermekde hem-de ýeriň jümmüşinden alynýan ýangyç çig mallarynyň möçberini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Balkan welaýatyndaky guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri netijeli işleri amala aşyrýarlar.
Önümçiligiň ýokary depgini
19.05.26 - 09:15Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny döwrebap ösdürmek, pudagyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, içerki bazary ýokary hilli nebit önümleri bilen ygtybarly üpjün etmek we eksport mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda gazanylýan netijeler hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň depginli ösüşiniň aýdyň subutnamasydyr.
Suwuklandyrylan gaz bilen üpjün edilýär
12.05.26 - 09:05Häzirki günlerde «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy, Ruhubelent, Akdepe, Şabat we Görogly etraplaryndaky gaz hojalyk edaralarynyň gazçylary medeni zolakdan uzakda ýerleşýän obalaryň ilatyny suwuklandyrylan «mawy ýangyç» bilen üpjün etmekde maksada okgunly işleri alyp barýarlar.
Döwrebap we kämil bilim berilýär
05.05.26 - 09:05Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminde nebitgaz, energetika we himiýa pudaklary üçin ýaş hünärmenleri taýýarlamakda döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdebinde nebitiň we gazyň geologiýasy, peýdaly magdanlary gözlemegiň we barlamagyň geofiziki usullary, nebit we gaz guýularyny burawlamak
Önümçilik görkezijileri guwandyrýar
28.04.26 - 09:15«Türkmengaz» döwlet konserniniň Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirligi şu ýylyň ilkinji aýlarynda ýokary önümçilik netijelerini gazanýar. Müdirlikde şu ýylyň mart aýynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça meýilnama 100,4 göterim berjaý edildi.
Awtoulaglara ýangyç guýujy täze beketler sürüjileriň hyzmatynda
21.04.26 - 09:15Hormatly Prezidentimiz 10-njy aprelde ýurdumyzyň Lebap welaýatynda iş sapary bilen bolanda, uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli halkara awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegini açyp ulanmaga berdi.
Nebitçileriň batly gadamlary
21.04.26 - 09:10«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Hazarnebit» döwlet kärhanasynda soňky ýyllarda amala aşyrylýan işler özüniň juda netijeliligi bilen tapawutlanýar. Düýpli täzelenişi başdan geçirýän kärhanada hereket edýän guýulardan alynýan uglewodorod çig mallarynyň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Şonuň netijesinde häzirki wagtda kärhananyň «gara altyn» ussatlary Hazarýaka baýlyklar känlerinde alnyp barylýan işleriň gerimini ymykly giňeltmegi başarýarlar.
Suw arassalaýjylaryň goşandy
14.04.26 - 09:10Ýurdumyzda uglewodorod çig malynyň çykarylyşynyň artdyrylmagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň iri we öňdebaryjy önümçilik düzümi bolan «Marygazçykaryş» müdirliginiň gazçylary mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Munuň özi müdirligiň gazçylary bilen olara durmuş taýdan hyzmat edýän edaranyň işgärleriniň bir maksat ugrunda agzybirlikli çekýän zähmetiniň miwesidir.
Gazçylaryň döwrebap işleri
07.04.26 - 09:15«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän gaz hojalyk edarasynyň işçi-hünärmenleri etrabyň tebigy gazy ulanyjylaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen üpjün etmekde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji çärýegini üstünlikli jemlediler.
Gazlaşdyrmak işleri giň gerim alýar
07.04.26 - 09:05Lebap welaýatynda şu ýylda täze gaz geçirijileri çekmek boýunça giň möçberli işler meýilleşdirilýär. Hususan-da, Köýtendag etrabynyň Magdanly şäherinde we Ters geňeşliginde, Döwletli etrabynyň Amyderýa şäherçesinde, Hojambaz etrabynyň Gyzylgum we Burdalyk geňeşliklerinde, Kerki etrabynyň Gyzylaýak geňeşliginde, Halaç etrabynyň Çohpetde şäherçesinde, Garabekewül etrabynyň Garabekewül şäherinde, Lamma we Akgala geňeşliklerinde täze gaz geçirijileri çekmek göz öňünde tutulýar.
Uzynadadaky täze önümli guýy
24.03.26 - 09:05«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ruhuna mynasyp işleri bitirmegiň hötdesinden gelýärler.
Gahryman Arkadagymyzyň Hytaýa dostluk sapary strategik hyzmatdaşlygy berkidýär
23.03.26 - 22:39Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk sapary “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň möhüm wakasyna öwrüldi.
Gaz akdyryjylaryň gadamlary batly
17.03.26 - 09:05Döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň depginli ösýän nebitgaz pudagynyň ähli önümçilik düzümleriniň zähmet toparlary bilen birlikde, «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň gazçylary hem 2026-njy ýyly zähmet üstünliklerine beslemek üçin tutanýerli zähmet çekýärler.