«Awazada» halkara gaz kongresine gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini maslahatlaşarlar

23—24-nji maýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň

VIII halkara Gaz kongresi geçiriler. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary

M.Babaýew bu iri pudaklaýyn foruma hem-de oňa gabatlanyp geçirilýän halkara

sergä görülýän taýýarlyk barada 18-nji maýda geçirilen hökümet mejlisinde

hasabat berdi.

Garaşylyşy ýaly, gaz kongresiniň işine dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz

kompaniýalarynyň, halkara guramalarynyň we maliýe institutlarynyň ýolbaşçylary

we wekilleri gatnaşarlar.

Gaz kongresiniň gün tertibine türkmen tebigy gazynyň eksportunyň

ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, döwletara gaz geçirijileri gurmak,

ýurdumyza maýa goýumlary çekmek üçin döredilen şertler we mümkinçilikler,

daşky gurşawy goramak boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly

Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlary, dünýä gaz bazarynyň häzirki ýagdaýy

we geljekki mümkinçilikleri baradaky meseleler giriziler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynda

hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin açyk

meýdança öwrüljek VIII halkara Gaz kongresiniň ähmiýetini belläp, onuň bu

strategik ulgamda özara peýdaly gepleşikleri hem-de tejribe alyşmagy giňeltmäge,

daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen mundan beýläk hem netijeli gatnaşyklaryň

ýollaryny kesgitlemäge ýardam berjekdigini nygtady.

Meňzeş täzelikler

2014