Maý aýynda ösen döwletleriň nebit ätiýaçlyklary bäş ýyllyk meýilnamadan 266 mln barrel ýokarlandy — HEA-nyň hasabaty

Maý aýynyň ahyryna çenli maglumatlara görä ösen döwletleriň harytlyk nebit ätiýaçlyklary 3,047 mlrd barrele barabar boldy. Bu görkeziji apreldäki derejeden bary-ýogy 6 million barrel pesdir, diýlip HEA-nyň iýul aýy boýunça hasabatynda aýdylýar.

Bu görkeziji bäş ýyl üçin ortaça derejeden aprel aýynda 300 mln bolanlygyndan 266 mln barrel artykdyr. Ätiýaçlyklaryň has düýpli pese düşmegi nebit önümleriniň bolşy ýaly, çig mallaryň import möçberleriniň aşaklamagy netijesinde Ýewropa ýurtlarynda bolup geçdi.

Öň habar berlişi ýaly, OPEC+ ylalaşygyna gatnaşyjylar öz meýilnamalarynda harytlyk nebitiň ätiýaçlyklarynyň görkezijilerinden ugur alýarlar. Olar bu görkezijini bäş ýyl üçin ortaça derejä çenli aşak düşürmäge ýykgyn edýärler. Bu maksada olar 2018-nji ýylyň birinji çärýeginde ýetmegi meýilleşdirýärdiler.

Meňzeş täzelikler

2014