Duşenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Mitsubishi Сorporation» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti jenap Hiroşi Sakumany hem-de «Mitsubishi Heavy Industries Engineering, Ltd.” kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory jenap Şigehisa Kobaýaşini, şeýle hem “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.
Myhmanlar türkmen Liderini karbamid dökünlerini öndürmek boýunça sebitde iň iri senagat toplumynyň ulanmaga berilmegi bilen...
Duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň energetika ulgamy hem-de önümçilik işläp taýýarlamalary boýunça prezidenti Tasuýa Watanabeni kabul etdi. Myhman şanly waka — karbamid dökünleriniň önümçiligi boýunça sebitde iri toplumyň ulanmaga berilmegi bilen döwlet Baştutanyny gutlady.
Öz nobatynda, öňdebaryjy ýapon korporasiýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Baştutanyna Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça zawodyň...
«Garabogazkarbamid» zawodynyň açylyş dabarasynda halkara guramalarynyň wekilleri täze gazhimiýa toplumynyň ýolbaşçylaryna onuň önümleriniň hilini, önümçiligiň netijeliligini we innowasion tehnologiýalaryny kepillendirýän sertifikatlary gowşurdylar.
Hususan-da, Dökünleriň bütindünýä kongresiniň wise-prezidenti, Hytaý Halk Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Şenýan bölüminiň ýolbaşçysy jenap Lanç Jiýe wekilçilik edýän guramasynyň işiniň mineral önümleri öndürýän ekologiýa taýdan howpsuz senagat desgalaryny goldamaga gönükdirilendigini aýtdy. Ol...