Watanyň egsilmez güýji-kuwwaty
17.08.21 - 16:53Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ösen tehnologiýalaryna daýanýan häzirki zaman desgasynyň dabaraly ýagdaýda işe giriziljek güni indi uzakda däl. Ondaky işler ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, Türkmenistany dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna deňleşdirmek ugrunda ýadawsyz alada edýän hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Ýaponiýanyň «Sumitomo» kompaniýasynyň hünärmenleri we türkmen gurluşykçylary tarapyndan alnyp barylýar.
Toý sowgatlary saldamly bolar
17.08.21 - 16:54«Türkmengaz» döwlet konserniniň baýry kärhanalarynyň biri bolan «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän önümçilik edaralarynyň işçi-hünärmenleri barha golaýlaşýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesini mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak ugrunda şu günlerden uludan taýýarlyk görýärler.
Ylmy-amaly maslahat geçirildi
10.08.21 - 15:41«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz instituty, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty, Tehnologiýalar merkezi tarapyndan wideoaragatnaşyk arkaly «Innowasion barlaghana enjamlaryny netijeli peýdalanmagyň mümkinçilikleri» atly maslahat geçirildi.
Tebigy gazyň eşreti
10.08.21 - 15:42Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi esasynda döwletimiz tarapyndan bagtyýar halkymyza berilýän eşretleriň biri — «mawy ýangyç» bilen Mary welaýatynyň ilatyny ýylyň bütin dowamynda bökdençsiz üpjün etmek «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň gazçylarynyň gündelik esasy maksady bolup durýar.
Garagumuň giň gollarynyň arasynda
13.07.21 - 15:56Golaýda Malaý gaz käninde ýene bir guwandyryjy waka bolup geçdi. Baýlyklar mekanynda burawlanan nobatdaky guýudan tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Bu möhüm buýurmany «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň ussat baýlyk agtaryjylary üstünlikli ýerine ýetirdiler.
Belent sepgitlere galkynan «Galkynyşnebit»
13.07.21 - 15:58Çelekeniň adybir baýry nebit käninden häzirki döwürde «gara altyn» çykarmagy amala aşyrýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň zähmetsöýer işgärleri mukaddes Watanymyzyň ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuna mynasyp zähmet sowgady bilen barmak maksadynda yhlasly zähmet çekýärler.
Maksadymyz şanly ýyly üstünlige beslemek
13.07.21 - 15:59Mukaddes Garaşsyzlygymyz gazanylandan soň, ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmeklige giň ýol açyldy we hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde bu ugurda örän uly hem-de möhüm işler amala aşyryldy. Düýpli täzeleniş we uly özgerişler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) hem giň gerim aldy. TNGIZT diňe ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, Merkezi Aziýanyň nebithimiýa pudagynyň iri senagat düzümleriniň biridir.
Among the wide arms of the Karakum
16.07.21 - 16:36Another bright event occurred recently at the Malay gas field. An industrial natural gas well was extracted from the next well drilled at the resource site. This important order was successfully fulfilled by the master applicants of the department " Turkmengazburavlayysh "of the State Concern"Turkmengaz".
Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň çig mal binýady berkidilýär
06.07.21 - 18:40«Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägiň günbatar bölegindäki gazly ýataklaryň ýerüsti desgalarynyň taslamasyny işläp düzmek we gurmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin yglan edilen halkara bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Bäsleşik Hytaýyň «International» milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy tarapyndan geçirildi, «China Petroleum Engineering Construction» kompaniýasy onuň ýeňijisi diýlip ykrar edildi.
Şanly senäniň hormatyna
06.07.21 - 18:42Şu ýylda ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senäni — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň 30 ýyllygyny döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolan nebitgaz ulgamynyň edara-kärhanalarynyň zähmet adamlary-da mynasyp sowgatly garşy alýarlar.
Gyş möwsümine ykjam taýýarlyk görülýär
06.07.21 - 18:43«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän gaz hojalyk edarasynyň gazçylary welaýatyň iň çetki günbatar etrabynyň ilatyny we edara-kärhanalaryny milli baýlygymyz bolan tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek bilen birlikde, etrabyň çäginde bar bolan gaz desgalaryny düýpli abatlap, olary gyş möwsümine taýýarlamak işlerini hem guramaçylykly dowam edýärler.
Укрепляется сырьевая база газопровода Туркменистан-Китай
16.07.21 - 16:32Подведены итоги международного конкурса на разработку и строительство наземных объектов газовых месторождений в западной части контрактной территории «Багтыярлык». Конкурс был организован туркменским филиалом Китайской национальной нефтяной корпорации International, победителем признана компания China Petroleum Engineering Construction.
The raw material base of the Turkmenistan-China gas pipeline is being strengthened
16.07.21 - 16:33The results of the international competition for the development and construction of onshore gas field facilities in the western part of the “Bagtyyarlyk” contract territory have been summed up. The competition was organized by the Turkmen branch of the China National Oil Corporation International, the winner was recognized as the company China Petroleum Engineering Construction.
In honor of the glorious date
23.07.21 - 19:38This year marks the 30th anniversary of the independence of Turkmenistan, which is widely celebrated in our country. Among them is the Bayramali oil products enterprise of the "Turkmennebitonumleri" General Directorate of the Turkmenbashi complex of oil refineries. In honor of the significant date, the close-knit employees of the leading enterprise built and commissioned a new gas station for the 81st car under construction on the Mary-Turkmenabat international highway.
Durky täzelenen beket halkyň hyzmatynda
29.06.21 - 15:38Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň doglan güni mynasybetli «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Gubadag nebit kärhanasynyň garamagyndaky durky düýpgöter täzelenen 170-nji awtoulaglara ýangyç guýujy döwrebap bekediň ulanylmaga berilmegi ýakymly pursatlara baý boldy.