Sementlemek arkaly guýulary abatlamak
11.05.21 - 16:54Nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmegiň tehnologiýasy we toplumlaýyn mehanikasy hünäri boýunça 50 ýyla golaý «Goturdepe» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginde işläp, geçen ýyl hormatly dynç alşa çykdym. Biz guýulary düýpli abatlamak işinde örän çylşyrymly we jogapkärli hasaplanylýan sementlemek işini geçirmegiň tärleri barada «Nebit-gaz» gazetiniň üsti bilen ýaşlara hem-de hünärmenlere gürrüň bermegi makul bildik.
Ýerasty baýlyklaryň mesgeni
11.05.21 - 16:56«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Keýmir» nebitgaz çykaryş müdirligi (NGÇM) Balkanabat şäherinden 210 kilometr daşlykda ýerleşen, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň günorta sebitindäki nebitgaz känleriniň dördüsini — Ekerem, Akpatlawuk, Keýmir we Kemer meýdançalaryny özüne birleşdirýär.
Eşretli ýaşaýşyň hyzmatynda
11.05.21 - 16:57Halkymyza durmuşy eşretleriň barha elýeterli bolmagy ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler özüniň gözbaşyny hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden alýar. Ýaşaýşy abadançylyga besleýän eşretleriň biri-de tebigy gazdyr.
Mübärek aý
11.05.21 - 16:58Oraza bütin musulman ymmatynyň baýramydyr. Musulman senenamasynyň dokuzynjy aýy bolan «Aýlaryň soltany» adyny alan Oraza aýy haýyr-sahawata, ynanç-ygtykatlara, ýagşy niýet-pällere, alkyş-dileglere, mähir-muhabbete, sogaplara beslenen aýdyr.
Taryhy wakalar beýik işlere badalgadyr
04.05.21 - 16:05Toýlary toýa ulaşýan Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň möhüm ähmiýetli taryhy wakalarynyň birine öwrüldi.
Maksat — önüm öndürilişini artdyrmak
04.05.21 - 16:07Mukaddes senäni — Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny zähmet üstünlikleri bilen garşylamak, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşlerine mynasyp goşant goşmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleriniň üstümizdäki ýyldaky baş maksadydyr.
Türkmenistan — ÝB: energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk
04.05.21 - 16:092021-nji ýylyň ahyryna çenli Ýewropa komissiýasy Ýewropa Bileleşiginiň elektrik energetikasy we gaz ulgamynda umumy gyzyklanma döredýän taslamalaryň täze sanawyny tassyklar (PCI). Bu sanawa Ýewropanyň energetika bazary üçin zerur bolan hem-de ÝB-niň elýeterli, howpsuz we durnukly energiýany üpjün etmek boýunça energetika syýasatynyň maksatlaryna ýetmek üçin möhüm bolan taslamalar girizilýär.
Tebigy gaz öý-ojaklara eşret paýlaýar
04.05.21 - 16:11Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak baradaky sahawaty esasynda döwletimiz tarapyndan ilatymyza berilýän milli baýlygymyz — tebigy gaz her bir öý-ojaga eşret paýlaýar. Bagtyýar halkymyzyň tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün edilmeginde «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň önümçilik düzümleriniň gazçylarynyň mynasyp paýy bar.
Döwrüň ruhuna mahsus işler
04.05.21 - 16:12«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda barha rowaçlyga beslenýän üstümizdäki ýylymyzyň her bir aýyny ýokary iş görkezijileri bilen jemleýän «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary barha golaýlaşýan ak mermerden paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senelerini mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak ugrunda şu günlerden uludan taýýarlyk görýärler.
Hünärli ýaşlar taýýarlanylýar
27.04.21 - 15:49Biz işimiziň aýratynlygyna laýyklykda, önümçilik kärhanalarynda ýygy-ýygydan bolýarys. Şonda bizi garşylaýanlaryň arasynda öňki ýyllarda hünär okuw mekdebimizi üstünlikli tamamlan hünärmenlere gabat gelýäris.
«Mawy ýangyjyň» çykarylyşy artýar
27.04.21 - 15:50«Türkmengaz» döwlet konserni uglewodorod çig malyny çykarmak boýunça önümçilik maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirýär. Şu ýylyň üç aýynda ýeriň astyndan tebigy we ugurdaş gazyň 22 milliard kubmetrden gowragy çykaryldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 2,5 milliard kubmetr köp bolup, ösüş depgini 113 göterime deň boldy. «Mawy ýangyjyň» eksporty 16,4 göterim artyp, 10,5 milliard kubmetrden gowrak boldy.
Türkmenistanyň gaz senagaty: geljekki mümkinçilikler
20.04.21 - 15:45Gazy eksport edýän ýurtlaryň forumy GECF «Global Gas Outlook 2050» atly nobatdaky bäşinji hasabatyny çap etdi, onda dünýäniň energetika bazarlarynyň ýagdaýy we olaryň ösüşi, energetika ulgamynda tebigy gazyň eýeleýän orny jikme-jik seljerilýär.
Dirilik çeşmesiniň gözbaşynda
13.04.21 - 15:59«Türkmennebit» döwlet konserniniň uglewodorod çig mallaryny çykaryjylaryny tehniki-önümçilik suwlary bilen ygtybarly üpjün etmek Suw üpjünçilik müdirliginiň paýyna düşýär. Ägirt uly işleri bitirýän merdana nebitçileriň hem-de olaryň maşgalalarynyň ýaşaýan ilatly nokatlarynyň aglabasynyň arassa agyz suwuna bolan islegleri hem hut şu kärhananyň hünärmenleriniň tagallaly zähmeti bilen üpjün edilýär.
Kuwwatly desga üçin gaz geçiriji
06.04.21 - 15:59«Türkmengündogarnebitgurluşyk» trestiniň 5-nji ýöriteleşdirilen gurluşyk-gurnama müdirliginiň gaýratly gurluşykçylary umumy uzynlygy 125 kilometre barabar bolan ýokary basyşly gaz geçirijiniň gurluşyk işlerine girişdiler. Bu gaz geçiriji Üçajy gaz käninden gözbaş alyp, ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäginde gurulýan kuwwatlylygy 432 MWt bolan gazturbinaly elektrik stansiýasyny tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün etmäge niýetlenendir.
«Galkynyş» — bereket çeşmesi
06.04.21 - 16:01«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň «Galkynyş» gaz känindäki tebigy gazy kükürtden arassalaýan baş desgalarynda zähmet çekýän gazçylaryň arasynda döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şu ýyl giňden toýlanyljak şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna ýokary önümçilik sowgatlary bilen barmak ugrundaky zähmet galkynyşy emele geldi.