1602281dcc8866.png
Gazçylar halkyň hyzmatynda
09.02.21 - 22:36

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gubadagetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary şu günler etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda nusgalyk işleri alyp barýarlar. Olar «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan şu ýylyň ilkinji aýyny netijeli jemlediler.


160228161abd96.png
Şanly ýyl üstünlige beslener
09.02.21 - 22:34

Başymyzyň täji ata Watanymyzda beýik baýramy — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny baýram etmäge giňden taýýarlyk görülýär. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Türkmennebitgazgözleg» trestiniň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň agzybir hem-de başarjaň işgärleri hem bu taryhy senäni mynasyp derejede, uly zähmet sowgatlary bilen garşylamagy maksat edinýärler.


1602280f49c86c.png
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna ynamly gadamlar bilen
09.02.21 - 22:32

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başlanmagyna resmi taýdan badalga berilmegini ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm wakalaryň hatarynda görkezmek bolar.


16019397174fdc.png
Türkmen buýany — tebigy bejeriş serişdesi
02.02.21 - 21:37

Hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň 25-nji dekabrynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde dünýäde giňden ýaýran koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek bilen bagly meselelere ünsi çekip, buýan köküniň ynsan saglygyny berkitmekdäki ähmiýeti, birnäçe keselleri, şol sanda howply ýokanç keselleri ýok edijilik, olaryň öňüni alyjylyk aýratynlyklary barada aýtmak bilen,


1601938c269e50.png
Beýik işler ruhuňy galkyndyrýar
02.02.21 - 21:34

Geçen aýyň ahyrlarynda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyranda, halkymyzyň milli guwanjy bolan alabaý itleri we olary ösdürip ýetişdirmegiň dowam etdirilişi bilen gyzyklandy.


1601937adc671f.png
Gözelligiňe iller aşyk, Aşgabat!
02.02.21 - 21:29

Aşgabadyň gülläp ösüşi, gözümiziň alnynda özgerýär. Bagtly durmuşyň sakasy saglyk, agzybirlik, abadan durmuş. Ine, şular berkarar Watanymyzda jemlenen. Ösüş we özgeriş ýurdumyzyň islendik künjeginde bar. Dünýäni haýrana goýýan Aşgabat welin, bu babatda nusga alarlyk. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň giňden belleniljek ýylynda onuň ümzügi has-da ileri.


160193582c9b26.png
Burawçylaryň üstünlikleri
02.02.21 - 21:20

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, önümçiligiň derejesini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilen giň möçberli işleri durmuşa geçirmekde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň zähmetsöýer burawlaýjylary tarapyndan alnyp barylýan işler hem bellenilmäge mynasypdyr.


160193373146e5.png
Suw arassalaýjylaryň gaýratly gadamlary
02.02.21 - 21:11

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň «Galkynyş» gaz käniniň guýularyndan tebigy gazyň çykarylmagynda, şu ýerdäki «mawy ýangyjy» kükürtden arassalaýan baş desgalarda gazyň ýokary tehnologiýaly enjamlar arkaly arassalanylyp, harytlyk görnüşine ýetirilip, sarp edijilere ugradylmagynda müdirligiň Durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň suw, bug üpjünçilik sehiniň «Galkynyş» suw arassalaýjy desgalar toplumynyň işgärleriniň saldamly zähmet goşantlary bar.


160192ea547de0.png
«Dostluk» ýatagy: dünýä möçberindäki taryhy waka
02.02.21 - 20:51

Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi dünýä ýüzünde uly gyzyklanma döretdi. Daşary ýurtlaryň habarlar agentlikleri, dünýä belli pudaklaýyn we elektron neşirleri bu wakanyň möhüm ähmiýetini belleýärler.


1600fe47e90403.png
Dünýä çempionlygyndan Olimpiýa medalyna
26.01.21 - 19:44

28 ýyl goja taryh üçin, belki, örän ujypsyz wagt aralygy. Ýöne ynsan ömri üçin az pursat hem däl. 28 ýyllyk menzil Garaşsyz Türkmenistana bolsa agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň ikinji altyn medalyny bagyşlady. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Ýulduz Jumabaýewa dünýä belli ildeşimiz Altymyrat Orazdurdyýewden soňra dünýä çempiony bolan ikinji türkmenistanly türgen boldy.


Dil — milletiň baýlygy
26.01.21 - 19:42

Ýurdumyzda beýik Garaşsyzlygymyz gazanylandan soň mukaddes ene dilimiziň, şol sanda daşary ýurt dilleriniň öwrenilişiniň gerimi has giňedi. Dil — bu gymmaty egsilmeýän, özboluşly aýratynlyklary, dil birlikleri bilen hemişe üsti ýetirilýän milletiň hazynasy. Döwlet, ilkinji nobatda, öz diliniň üsti bilen ykrar edilýär. Garaşsyzlygyny gazanan halk, ilki bilen, diline eýe çykýar we oňa döwlet dili derejesini berýär.


1600fe3a698fc1.png
Watan mertebesi beýikdir, goragy mukaddes borçdur
26.01.21 - 19:40

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilen senesi — her ýylyň 27-nji ýanwarynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň güni türkmeniň watansöýüjiliginiň, mertliginiň, gaýduwsyzlygynyň mertebe baýramyna öwrüldi. Watan goragçylarynyň güni döwletimiziň Garaşsyzlygyny, parahat durmuşyny, çäk bitewüligini gorap saklaýan Ýaragly Güýçlerimiziň merdana gerçeklerine bildirilýän uly ynamyň we çäksiz hormatyň aýdyň subutnamasydyr.


1600fe31367d49.png
Gatlak basyşynyň täsiri
26.01.21 - 19:38

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu maksatnamada täze nebit we gaz ýataklaryny gözläp tapmak we özleşdirmek hem-de öň bar ýataklaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak, bu pudagyň çig mal binýadyny berkitmek esasy meseleler bolup durýar.


1600fe2614f3d9.png
Täze tehnologiýalary özleşdirýärler
26.01.21 - 19:35

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda, şol sanda nebitgaz pudagynda-da önümçilige ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalardan doly baş çykarýan işçi hünärmenleri taýýarlamaklygy baş wezipeleriň biri hökmünde öňde goýýar.


1600fe1e6d762d.png
Türkmenistan dünýäniň habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde
26.01.21 - 19:33

Türkmenistan şu günlerde ýene-de dünýäniň esasy habarlar agentlikleriniň, şeýle hem köpsanly internet-saýtlaryň täzeliklerdir habarlarynda köp agzalýan geografik atlaryň birine öwrüldi. Dünýäniň habar beriş serişdeleriniň, syýasy we işewür toparlarynyň ünsi jemgyýetçilik seslenmesine eýe bolan şanly wakalara — ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň täze desgalarynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabaralara gönükdi