Ikinji Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisini geçirmäge taýýarlyk görülýär
06.07.26 - 15:153-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň ikinji mejlisine görülýän taýýarlyk meselelerine garady diýip, TDH habar berýär.
«Nebit-Gaz» gazetiniň redaksiýasynda «Yonhap» agentliginiň habarçysy bilen duşuşyk geçirildi
05.07.26 - 15:462026-njy ýylyň 16 — 17-nji sentýabrynda Seul şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň öňüsyrasynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda maglumat-aragatnaşyk hyzmatdaşlygy işjeňleşýär.
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek boýunça teklibi goldady
04.07.26 - 11:553-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berdi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň talyplary Hytaýda okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler
03.07.26 - 12:15Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary 29-njy iýundan 20-nji iýula çenli Pekindäki Hytaý nebit uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeligini geçýärler.
“Nebitdag” buraw işleri müdirligi bellenilen meýilnamadan öňde barýar
02.07.26 - 22:17«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Nebitdag» buraw işleri müdirligi 2026-njy ýylyň başyndan bäri meýilnamalaýyn borçnamalary artygy bilen ýerine ýetirýär.
SINOPEC hytaý kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy 200 mln dollarlyk nebit çykardy
01.07.26 - 15:44Hytaýyň «SINOPEC» korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy 4 ýylyň içinde umumy bahasy takmynan 200 million ABŞ dollaryna barabar bolan 1 million tonnadan gowrak nebit çykardy. Bu barada “Biznes Türkmenistan” neşiri habar berýär.
Birža söwdalarynda suwuklandyrylan gaz we ECO-93 kysymly benzin uly islegden peýdalandy
01.07.26 - 15:39Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Prezidenti «Kawasaki Heavy Industries Ltd.-niň» ýolbaşçysy bilen gazhimiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
01.07.26 - 15:3629-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň wise-prezidenti Kenji Sanadany kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-de täze önümçiligi döretmek teklibini makullady
29.06.26 - 11:4526-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenbaşy halkara deňiz portuna täze “Dostluk” tankeri gelip gowuşdy
29.06.26 - 15:04Nebit önümlerini daşamak üçin niýetlenen «Dostluk» atly täze tanker Türkmenbaşy halkara deňiz portuna gelip gowuşdy. Bu gämi Azerbaýjanyň Türkmenistana beren gymmatly sowgady diýip, Türkmenistan Halkara habarlar portaly 28-nji iýunda habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo-nyň» ýolbaşçysy bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
01.07.26 - 13:5629-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juwy kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistan «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň täze hyzmatdaşlyk tekliplerine seretmäge taýýar
01.07.26 - 13:5329-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Astanada türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy
26.06.26 - 14:1224-nji iýunynda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Türkmenistan we Hytaý energetika bilimi ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkidýär
24.06.26 - 16:0222-nji iýunda Pekindäki Hytaý nebit uniwersitetinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlar düzümi üçin hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre bilelikdäki Türkmen-Hytaý energetika okuw merkeziniň binýadynda guraldy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron neşirinde habar berilýär.
Türkmenistanyň we ABŞ-nyň wekilleri energetika we beýleki ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
24.06.26 - 15:56Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Esen Aýdogdyýew Waşingtonda amerikaly senator Stiw Deýns bilen onuň edarasynda duşuşyk geçirdi.