Garadaşlydaky gerimli işler
08.11.22 - 15:47Islendik zähmet adamy üçin bitirýän işiniň miwesini görmek uly bagt. Şonda gazanylan gowy netijeden çäksiz kanagatlanma alnyp, ynsan ömri çuňňur many-mazmuna beslenýär. Şeýle ýakymly pursatlar Timur Bazarowyň durmuşynda hem az bolanok. Munuň hem özüne ýetesi sebäbi bar. Ol «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynda buraw ussasy bolup zähmet çekmek bilen, ýer astyndaky baýlyklaryň üstüni açmak, ýurdumyzyň baýlyk gorlaryny artdyrmak ýaly il-ýurt bähbitli iş bilen meşgullanýar.
Harytlyk gaz daşary bazara ugradylýar
08.11.22 - 15:46«Türkmengaz» döwlet konserniniň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Marygazçykaryş» müdirliginiň gazçylary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen dokuz aýynda ýigrimi bäş milliard iki ýüz elli dört million bäş ýüz ýigrimi alty müň kub metr tebigy gaz çykaryp, meýilnamalaýyn tabşyrygy üstünlikli berjaý etdiler. Şu gazanylan önümçilik görkezijisinde müdirligiň 2-nji gaz çykaryş we deslapky taýýarlaýyş sehiniň gazçy hünärmenleriniň, işçileriniň hem mynasyp paýy bar.
Sargytlar ýerine ýetirilýär
08.11.22 - 15:45Nebitgazly ýataklaryň onlarçasynda döwrebap iş alyp barýan önümçilik düzümleriniň işleriniň netijeliligini gazanmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkanabatdaky Abatlaýyş-mehaniki zawodynda hem tutanýerli zähmet çekilýär. Bu ýerde zähmet çekýänler iň bir jogapkärli hünärleriň otuza golaýyna başarjaň erk etmegiň hötdesinden gelýärler.
Möwsümde ygtybarly üpjün ediler
01.11.22 - 16:44«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanalarynda düýpli ösüşler gazanylýar, möhüm çözgütler kabul edilýär.
«Mawy ýangyjyň» eşretli hözirini görýärler
01.11.22 - 16:43«Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary howanyň sowuk döwri bolan güýz-gyş möwsüminiň işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Häzirki döwürde welaýat merkezi bolan Daşoguz şäheriniň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üpjün etmekde ýokary netijelere eýe bolýan edaranyň agzybir işgärleri welaýatyň Jemagat hojalygy birleşiginiň Daşoguz şäher ýylylyk müdirliginiň işçi-hünärmenleri bilen birlikde şäherde bar bolan ýyladyş ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegi ugrunda hem wajyp işleri durmuşa geçirýärler.
Möwsümi ýokary taýýarlykly garşylaýarlar
25.10.22 - 16:02«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gubadagetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary hem howanyň sowamagy bilen ýaşaýyş jaýlarynyň we edara-kärhanalaryň ýyladyş ulgamlarynyň işe girizilýän möwsümine guramaçylykly girişýärler.
Islegli hem ýokary hilli önümler
11.10.22 - 17:16Ýurdumyzyň gymmatly baýlyklarynyň biri bolan tebigy gazy gaýtadan işlemek arkaly geçginli önümleri öndürmek işine «Türkmengaz» döwlet konserniniň suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginiň hünärmenleri netijeli gatnaşýarlar.
Jogapkärli möwsüme taýýarlyk
04.10.22 - 15:50Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha gowulandyrmak baradaky ynsanperwer syýasaty esasynda döwletimiz tarapyndan bagtyýar halkymyza berilýän tebigy gazyň sarp edijilere ýylyň bütin dowamynda bökdençsiz ýetirilmeginiň üpjün edilmegine «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň gazçylary hem mynasyp goşant goşýarlar.
Şanly baýramçylyga zähmet sowgady
28.09.22 - 15:28Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, döwletimizde tebigy gazyň çykarylyşynyň artdyrylmagyna «Türkmengaz» döwlet konserniniň beýleki önümçilik düzümleri bilen birlikde Tamponaž müdirliginiň zähmet adamlary hem öz mynasyp goşandyny goşýarlar.
Oňat hilli, hyrydarly harytlar
28.09.22 - 15:27Bazar gatnaşyklarynyň barha giňelýän şertlerinde bäsdeşlige ukyply, alyjylaryň isleglerini ödeýän ýokary hilli önümleri öndürmek esasy talaplaryň biri bolup durýar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda şu talaplara eýermek arkaly gowy önümçilik netijeleri gazanylýar.
Tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün edilýär
20.09.22 - 00:23Balkan welaýatynyň kärhanalarynyň zähmet toparlary şu günler «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda toýlanýan mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk baýramyny mynasyp önümçilik görkezijileri bilen garşylamagy maksat edinip, has-da gaýratly zähmet çekýärler.
Ygtybarly hyzmatdaşlar
20.09.22 - 00:22«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Daşoguz welaýatyndaky nebit önümleri kärhanalarynyň işgärleri geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň gyzgalaňly dowam edýän häzirki günlerinde möwsümleýin meýdan işlerine, bugdaý ekişine gatnaşýan oba hojalyk tehnikalaryny, pagta ýygýan kombaýnlary we hasyl daşaýjy ulaglary ýangyç hem-de çalgy ýaglary bilen üpjün etmekde nusgalyk işleri alyp barýarlar.
Nebithimiýa geljegi uly pudak
14.09.22 - 15:31Nebithimiýa pudagy agyr senagatyň has ösen ugurlarynyň biri bolup durýar. Ol nebiti we tebigy ýanyjy gazlary gaýtadan işlemeklige esaslanýan sintetik materiallaryň we önümleriň taýýarlanmagyny öz içine alýar.
Möhüm işde öň hatarda
14.09.22 - 15:32Jogapkärli işde ilkinji bolmak, yhlasly we ýokary netijeli zähmet çekmekde köplere görelde görkezmek ýaly uly hormata mynasyp bolýanlaryň arasynda buraw ussasy Nazar Joraýew we onuň ýolbaşçylygynda zähmet çekýän hünärmenler hem bar.
Täze tehnologiýalary özleşdirýärler
14.09.22 - 15:33Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda, şol sanda nebitgaz ulgamynda-da önümçilige innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylyp, onuň döwrebaplaşdyrylýan döwründe täze tehnologiýalardan, sanly ulgamdan kämil derejede baş çykarýan işçi-hünärmenleri taýýarlamaklygy möhüm wezipeleriň biri hökmünde öňde goýýar.