Barlaghana synaglarynyň önümçilikde ornaşdyrylyşy
16.03.21 - 16:01Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden «Türkmenistanyň nebit gaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan sepgitlere ýetmek üçin nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wajyp meseleleriniň biri hem tebigy serişdeleriň rejeli we peýdaly ulanylmagyny üpjün etmekdir.
Yhlasly zähmet — ösüşe medet
16.03.21 - 16:02Geçýän her gün, her hepde, her aý bizi üstümizdäki ýylyň taryhy wakasyna — Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk senesine barha ýakynlaşdyrýar. Mukaddes baýramy uly üstünlikler, ajaýyp zähmet ýeňişleri bilen şöhratlandyrmak her bir zähmetkeşler köpçüliginiň baş maksadydyr. «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleri hem şeýle belent maksada gulluk edip, ýurdumyzyň baýlygyna baýlyk goşmak ugrunda tutanýerli we ýokary başarnykly zähmet çekýärler.
Maksat — ösüşlere goşant goşmak
09.03.21 - 15:11Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň okgunly ösüşlerine saldamly goşant goşmak ýaly il-ýurt bähbitli işe ruhubelentlik bilen goşant goşýanlaryň arasynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Türkmen geologiýa gözleg ekspedisiýasynyň Köýtendag geologiýa gözleg partiýasynyň başarjaň we janypkeş işgärleri hem bar. Olaryň birleşen tagallalary arkaly ýyllar rowaçlyklara, düýpli ösüşlere beslenýär.
Belent sepgitleri nazarlaýan gazçylar
09.03.21 - 15:13«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan şu ýyly belent sepgitlere besleýärler. Il-günümiziň mukaddes öý-ojaklarynyň odunyň baky alawlamagy ýaly belent maksatlary ýaran edinen müdirligiň işçi-hünärmenleri şu günler welaýatyň ilatynyň gymmatly «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün edilmegi bilen bir hatarda, türkmen gazynyň halkara hil derejesinde dünýä bazarynda öz mynasyp ornuny eýelemegi ugrunda hem öwgä mynasyp işleri alyp barýarlar.
Turbageçirijileriň gurluşyk işlerini optimizirlemek üçin innowasion tehnologiýa
09.03.21 - 15:15Uniwersitetimizde işlenip düzülen robot nebitgaz geçirijileriniň, ýangyç-energetika pudagynyň turbageçirijileriniň we beýleki halk hojalyk önümçiliginiň turbagurluşyk işlerini kämilleşdirmek, optimizirlemek, tizlik we hil häsiýetnamasyny ýokarlandyrmak üçin peýdalanmakda oňat netijeliligi berer diýip tama edýäris.
Gaz geçirijiler uzalýar
02.03.21 - 15:29Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylda döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesi belent toý tutumy bilen baýram ediler. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynyň edara-kärhanalarynyň işgärleri-de Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak bu ýyly belent sepgitler bilen şöhratlandyrmagy asylly maksat edinip, joşgunly zähmet çekýärler.
Nebitgazçy talyp gyzyň üstünligi
02.03.21 - 15:33Ol bäsleşige watansöýüjilik temasyndan ýazan makalasy bilen gatnaşdy. Onuň hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» romanynda türkmen tebigatyny, aýratyn hem Garagum sährasyny çeper suratlandyryşy baradaky pikirleri okyjyny özüne çekýär.
Kärhananyň eksport önümleri
25.02.21 - 22:56Golaýda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda daşary ýurtly sarp edijilere dürli görnüşli nebit önümleriniň nobatdaky tapgyry ugradyldy. Şeýle buýsandyryjy waka bu iri senagat kärhanasynda ýokary hilli önümleri eksport etmek işiniň sazlaşykly ýola goýulýandygyndan habar berýär. Geçen ýyly üstünlikli jemlän nebiti gaýtadan işleýjiler «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny hem uly zähmet üstünliklerine beslemek ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler.
Сейдинский НПЗ наращивает объемы экспорта продукции
25.02.21 - 16:57На днях с Сейдинского НПЗ зарубежным потребителям отправлена очередная партия различных видов нефтепродуктов. Нефтепереработчики, успешно завершившие прошлый год, прилагают все усилия для выполнения производственных планов в нынешнем году, девиз которого «Туркменистан - Родинa мира и доверия».
«Dostluk» ýatagy dünýäniň işewür toparlarynyň üns merkezinde
23.02.21 - 16:51Ägirt uly ykdysady, energetika we ulag-logistika kuwwatyna eýe bolan Hazar sebitiniň nebitgaz serişdelerini özleşdirmek meselesi ýene-de dünýäniň işewür toparlarynyň üns merkezinde. Bu ugurda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Lukoýl» açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow bilen geçiren duşuşygynyň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hazar — dünýä energetikasynyň möhüm merkezi
23.02.21 - 16:53Hazar sebitinde netijeli gatnaşyklary berkitmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar, ol oňyn bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we «Açyk gapylar» ýörelgelerine esaslanandyr. Şu ýylyň ýanwar aýynda gol çekilen Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama munuň nobatdaky subutnamasy boldy.
Nebitgaz toplumynyň işiniň netijeleri jemlenildi
23.02.21 - 16:56Şu ýylyň fewral aýynda wideoaragatnaşyk boýunça geçiren iş maslahatlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny has-da ösdürmek boýunça esasy wezipeleri kesgitledi.
Täze bölümçe açyldy
18.02.21 - 15:05Nebitgaz pudagynda öňdebaryjy daşary ýurt firmalarydyr kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kesgitlän esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Häzirki wagtda şeýle firmalardyr kompaniýalaryň birnäçesi ýurdumyzyň iri önümçilik-hojalyk toplumy bolan «Türkmennebit» döwlet konsernine hyzmat edip, olar diňe bir täze tehnika, enjamlar bilen üpjün etmek däl, eýsem, burawlaýyş, nebit çykaryş, düýpli abatlaýyş işleri bilen meşgullanýan kärhanalara uly hemaýat edýärler. Şolaryň biri-de Russiýanyň «Tatneft» jemagat paýdarlar jemgyýetidir.
TOP halkara elektrik geçirijisi gurulýar
18.02.21 - 14:54Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistany ösen senagatly döwlete öwürmek, milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiligini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we artdyrmak baradaky maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyna hem möhüm orun berilýär.
Belent sepgitlere ynamly badalga
18.02.21 - 14:51Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Türkmennebitönümleri» müdirliginiň düzümlerinde hem şu günler döwrebap işler bitirilýär. Bu barada müdirligiň Balkan welaýatyndaky Serdar nebit önümleri kärhanasynyň başlygy Baýrammyrat ORAZGELDIÝEW habarçymyza şeýle gürrüň berdi: — Kärhanamyzyň garamagyndaky beketlerde bar bolan dürli maksatly tilsimatlardyr enjamlar hemişe saz işledilýär. Ýangyçdyr çalgy ýaglarynyň dürli görnüşleri sarp edijilere ýetirilende, ilkinji nobatda, daşky gurşawy goramagyň düzgünleri pugta berjaý edilýär.